Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak Tam Ýemende häkimiýetiň geçiş planyny gutlaýar


Ak Tam Ýemeniň prezidenti Aly Abdullah Salehiň häkimiýeti geçirmek islegini aýan etmegini gutlady.

Ak Tam özüniň Ýemende häkimiýetiň halk ilseglerine jogap hökmünde parahatçylykly geçmegini goldaýandygyny aýtdy.

Prezident Ali Abdullah Saleh Aýlak Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň araçylygynda häkimiýet geçiriş plany bilen ylalaşdy diýip, onuň kömekçileri şenbe güni aýtdylar.

Iki aýdan gowrak wagt bäri dowam edýän anti-hökümet protestlerinde Salehiň işden çekilmegi talap edilýär.

Ýemen protestçileri öz prezidentleriniň Aýlak arap parahatçylyk plany esasynda bir aý içinde işden gitjegine şübhe bildirýärler.

Ýemenli protestçi Abdel Hamid Al-Şarbani «Ali Saleh ýalançy, biz oňa ynanmaýarys. Ol 33 ýyl bäri ýalan sözleýär» diýdi.
XS
SM
MD
LG