Sepleriň elýeterliligi

HRW: BMG Siriýanyň basyp ýatyryşyny derňemeli


“Human Rights Watch” BMG-ni Siriýanyň howpsuzlyk güýçleriniň protestçileri basyp ýatyryşy babatda derňew geçirmäge çagyrýar.

Siriýanyň protestçileri basyp ýatyrmagy netijinde soňky iki günde azyndan 120 adamyň ölendigi aýdylýar.

Nýu-Ýorkda ýerleşýän halkara hukuk topary “Human Rights Watch” ABŞ we ÝB güýç ulanylmagynda jogapkär bolan siriýa resmilerine garşy sanksiýa girizmelidir diýdi.

Bäş hepde ozal prezident Başar al-Asadyň režimine garşy gozagalaňlar başlaly bäri 300-den gowrak adamyň öldürilendigi aýdylýar.

Siriýanyň hukuk toparlary ýekşenbe güni öňdebaryjy aktiwist Daniýel Saudyň tutulandygygyny aýtdylar. Ol Demokratiýanyň goragy, Azatlyklar we Adam hukuklary komitetlerine ýolbaşçylyk edýärdi.

Britaniýa ýekşenbe güni bu ýurtdaky howpsuzlygyň gaty çalt ýaramazlaşýandygyny aýdyp, öz raýatlarynyň Siriýany terk etmegine çagyrdy.
XS
SM
MD
LG