Sepleriň elýeterliligi

Türkmen ýazyjysynyň romany Moskwada çap edildi


Orsýetde çykýan «Družba narodow» žurnalynyň şu ýyldaky 4-nji sanynda türkmen ýazyjysy Tirkiş Jumageldiýewiň «Gorky energiýasy ýa-da Sary pişigiň kellesi» atly romany rus dilinde çap edildi. Ony Sergeý Baýmuhammedow türkmençeden rusça geçiripdir.

Tirkiş Jumageldiýew täze romanyny azatlygy görüp bilmän dünýäden öten ildeşlerine bagyşlapdyr.

Roman «Družba narodow» žurnalynyň internet sahypasynda hem ýerleşdirilipdir.
XS
SM
MD
LG