Sepleriň elýeterliligi

Ýemen: Obama häkimiýet geçiş planyny gutlaýar


Ali Abdullah Salehiň möhletiniň dolmagy mümkin.

Ali Abdullah Salehiň möhletiniň dolmagy mümkin.

Birleşen Ştatlar Ýemeniň prezidenti Ali Abdullah Salehiň 30 gün içinde häkimiýeti geçirmek plany bilen ylalaşmagyny gutlady. Barha möwjeýän protestlere garamazdan, aýlap öz diýenine tutan Saleh ahyry şenbe güni goňşy ýurtlaryň araçylygyndaky häkimiýet geçiş planyna razy boldy.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Ýemeniň prezidenti Ali Abdullah Salehiň eldegrilmezik şerti esasynda birnäçe hepdäniň dowamynda işden çekiljegini yglan etmegini gutlady. Ak Tam Ýemende halk islegine laýyklykda häkimiýetiň parahatçylykly geçişini goldaýandygyny aýtdy.

Prezident Saleh, uly kömekçileriniň biriniň aýtmagyna görä, şenbe güni Aýlak hyzmatdaşlyk geňeşiniň araçylygynda häkimiýet geçiş planyna razy boldy. Waşington taraplaryň ählisiniň derhal bu plany durmuşa geçirmegine çagyrdy.

Informasiýa ministriniň orunbasary Abdoh al-Janady şenbe güni žurnalistlere prezidentiň kararyny habar berdi: “Prezident Ali Abdullah Saleh we dolandyryjy GPS partiýasy bu inisiatiwanyň ähli maddalaryna razy, bu iş Ýemen respublikasynyň Konstitusiýasy esasynda amala aşyrylar, bu prezidentiň Wekiller öýüniň agzalary babatdaky 116-njy madda laýyklykda işden çekiljegini aňladýar.”

Hökümete garşy protestçiler Salehiň işden çekilmegini iki aý bäri talap edýärler. Ol öz 23 million ilatly tire döwletine 30 ýyldan gowrak wagt bäri ýolbaşçylyk edýär we biraz öň işden çekilmejegini aýdyp aýak depipdi.

Hökümetiň arap gozagalaňlaryndan ruhlanan ýaşlar hereketine garşy gören çäreleri netijesinde onlarça adam wepat boldy.
Hökümetiň arap gozagalaňlaryndan ruhlanan ýaşlar hereketine garşy gören çäreleri netijesinde onlarça adam wepat boldy. Protestçiler prezidenti korrupsiýada we arap dünýäsiniň iň garyp ýurduny nädogry dolandyrmakda aýyplaýarlar.

Esasy oppozision koalisiýanyň bu plany kabul etmäge höwesli görünýänligine garamazdan, protestçileriň ählisiniň bu teklibi kabul etjegi ýa etmejegi belli däl.

Bu plan arap ýurtlarynyň, şol sanda Saud Arabystanynyň gatnaşamagynda Aýlak hyzmatdaşlyk geňeşi tarapyndan taslanyldy. Onda Salehiň oppozisiýa bilen ylalaşyga gol çekilenden soň bir aý wagt içinde häkimiýeti öz wise-prezidentine tabşyrmagy hem sud jogapkärçiligine çekilmejeginiň kepillendirilmegi teklip edilýär. Eldegrilmesizlik onuň maşgala agzalaryna we uly kömekçilerine hem degişli bolmaly. Bu plan Saleh işden çekilenden soň iki aý wagt içinde prezident saýlawlaryny geçirmäge çagyrýar.

“Soňky pursat”

Al-Janady bu inisiatiwa Aýlak hyzmatldaşlyk geňeşinden, ABŞ-dan we ÝB-den şaýatlaryň gatnaşmagynda gol çekiler diýdi. Ol oppozisiýany bu plany kabul etmäge çagyrdy.

“Men oppozisiýadaky partiýalary, şol sanda ählumumy halk gurultaýyny we onuň ähli agzalaryny bu ýygnaga goşulmaga çagyrýaryn. Bu hakykatda agzybirligi we demokratiýany berjaý etmek üçin soňky pursat, şeýle-de bu häkimiýetiň parahatçylykly we düzgünli geçmegi üçin amatly” diýip, al-Janady aýtdy.

Uly oppozisiýa koalisiýasy şenbe güni özüniň bu planyň esasy elementleri bilen ylalaşjakdygyny aýtdy. Ilki olar Salehiň eldegrilmesizlik kepilligi baradaky teklibe garşydylar.

Emma metbugat habarlarynda ýurduň çar künjeginde ýaşlar protestleriniň dowam edýändigi aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG