Sepleriň elýeterliligi

Bedew baýramy uludan tutuldy


Habar serişdeleri türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli lybasly, ahalteke bedewine atlanyp, baýramçylyk dabaralaryna gatnaşandygyny ýazýar.

Habar serişdeleri türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli lybasly, ahalteke bedewine atlanyp, baýramçylyk dabaralaryna gatnaşandygyny ýazýar.

24-nji aprelde türkmen bedewiniň baýramy Türkmenistanyň her bir künjünde uly dabara bilen bellenildi. Şol gün ýurduň dört welaýatynda täze aýlawlaryň açylyş dabarasy boldy.

Türkmen bedewiniň baýramy her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçilýär. Şu ýyl bu baýram 24-nji aprele gabat geldi. Eger türkmen bedewiniň hormatyna geçirilýän öňki baýramçylyklar ýöntemje görnüşde geçirilen bolsa, onda bu ýylky dabara ýurduň iň bir naýbaşy baýramçylyklarynyň biri ýaly bellenildi.

Gözellik bäsleşiginde Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Öwlüýäguly Şeripowa degişli bolan Hanbegler diýen dor bedew ýeňiji boldy.
Ýurduň mediasy eýýäm hepdäniň başyndan bedewleriň waspyny ýetirip başlady. 23-nji aprelde bolsa prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi geçirildi. Bu gözellik bäsleşiginde Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Öwlüýäguly Şeripowa degişli bolan Hanbegler diýen dor bedew ýeňiji boldy. Bedewiň eýesine “Toyota Land Cruiser” kysymly täze awtoulag baýragy gowşuryldy.

Gözellik bäsleşiginiň netijesi yglan edilmezden ozal Berdimuhamedowa birnäçe bedew sowgat edildi. Aşgabat şäheriniň hem-de bäş welaýatyň ilatynyň adyndan welaýat hem-de şäher häkimleri, ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň adyndan Milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew, Türkmenistanyň atşynaslarynyň adyndan ussat seýis, at gazanan atşynas I.Agamyradow prezidente bedew sowgat etdiler.

Her welaýatda bir aýlaw


Türkmen bedewiniň baýramy bellenilýän günde, ýagny 24-nji aprelde Berdimuhamedow Aşgabadyň atçylyk sport toplumyna bardy. Ol ýerde teleköpri arkaly, ýurduň dört welaýatynda, ýagny Daşoguz, Lebap, Balkan, Mary welaýatlarynda täze aýlawlaryň açylyşyna ak pata berildi.

Daşoguz, Lebap, Balkan, Mary welaýatlarynda gurlan täze aýlawlaryň her biriniň münberleri 3 müň orunlykdyr. Her bir medeni sport toplumynda VIP-zolak, şeýle hem dabaralary geçirmek üçin ýörite meýdançalar we pawilýonlar göz öňünde tutulandyr. Her bir aýlawyň athanalary atlaryň 200-si üçin niýetlenilendir. Bu ýerde ahalteke bedewlerini saklamak we olara ideg etmek üçin ähli şertler dörediler.

Bahasy 80 million ýewro barabar bolan Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda gurulýan atçylyk toplumy şu gezekki baýramçylyga ýetişmänsoň, onuň açylyş dabarasy soňa goýuldy. 83 gektar territoriýada gurulýan bu toplumy «Etkin» türk firmasy bina edýär.

Aýlawyň tomaşaçylar üçin münberleri 7 müň orunlykdyr. Aýlawyň tapawutly aýratynlygy adatça iki sany däl-de, eýsem üç sany aýlawynyň bolmagyndadyr. Açyk we ýapyk kysymdaky päsgelçilikli meýdanlar, 900 orunlyk amfiteatr, şeýle hem weterinariýa gözegçiliginiň we laboratoriýanyň binasy, doping-gözegçiligi geçirmek üçin korpus aýratyn gurlup, enjamlaşdyrylýar.

Diňe bedew wasp edilmedi

Türkmen bedewiniň baýramy gününde ýurduň prezidentiniň hem at çapmak ussatlygy wasp edildi. Ýekşenbe güni Berdimuhamedowyň at üstünde görkezýän başarnyklaryny beýan edýän 10 minutlyk wideofilm ýurduň ähli kanallarynda birbada görkezildi we ol film döredijilik işgärleridir atşynaslar tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da Berdimuhamedow 23-nji aprelde Türkmenistanyň prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginde at çapyp, tomaşaçylary haýran galdyrdy.

Ýurduň prezidentiniň şol günki at çapyşy ýerli mediada arşa göterildi. Hususan-da milli telewideniýede döredijilik işgärleri ýurt baştutanynyň bu ukybyna ýokary baha berdiler.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG