Sepleriň elýeterliligi

Ýemeniň prezidenti wezipesinden çekiljekdigini aýdýar


Özüniň wezipesinden çekiljekdigini yglan eden Ýemeniň prezidenti Ali Abdullah Saleh düýn geçiş prosesiniň Konstitusiýa esasynda kem-kemden amala aşyrylmalydygyny nygtap çykyş etdi.

Hususan-da, ol BBC telewideniýesine beren interwýusynda öz ýurdunda indi birnäçe hepde bäri dowam edip gelýän köpçülikleýin protest çykyşlaryny häkimiýet agdarylyşygy hökmünde häsiýetlendirdi.

Ýemeni 32 ýyl bäri dolandyryp gelýän Ali Abdullah Salehiň dolandyryjy partiýasy hepdäniň şenbe güni prezidentiň öz wezipesinden çekilmek kararyna gelendigini mälim etdi.

Bu yglan edilen resmi maglumata görä, prezident Ali Abdullah Saleh Pars aýlagyndaky arap döwletleriniň araçyllyk etmeginde taýýarlanan geçiş planynyň taslamasyny kabul edipdir.

Şol plana laýyklykda, Ali Abdullah Saleh özüniň jenaýata çekilmejekdigi baradaky kepiliň esasynda geljek 30 günüň dowamynda öz prezidentlik wezipesinden gitmeli.
XS
SM
MD
LG