Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda halkara güýçleriň iki esgeri öldi


Ýekşenbe güni NATO-nyň resmileri Owganystanyň günorta regionynda ýol gyrasynda goýlan minanyň partlamagy netijesinde halkara koalision güýçleriň iki sany esgeriniň ölendigini habar berdiler.

Düýn koalision güýçleriň ýene bir esgeriniň ýurduň Kapisa welaýatynda harby wertolýotyň ýere gaçmagy netijesinde ölendigi barada maglumat alyndy.

Bu wakanyň yzy bilen Talyban söweşijileri bu wertolýoty özleriniň atyp ýere gaçyrandyklary we ol ýere baran harbylara garşy-da hüjüm gurnandyklary barada beýanat ýaýratdylar.
XS
SM
MD
LG