Sepleriň elýeterliligi

Nazarbaýewiň ornuny kim tutar?


Nursoltan Nazarbaýew indi 1989-njy ýyldan bäri Gazagystana liderlik edip gelýär.

Nursoltan Nazarbaýew indi 1989-njy ýyldan bäri Gazagystana liderlik edip gelýär.

Merkezi Aziýa regionynda ähli görkezijiler boýunça Gazagystan iň ösen döwlet hasaplanylýar. Gazagystandaky durnuklylyk we ösüş bolsa resmi ýagdaýda diňe bir adamynyň, ýagny prezident Nursoltan Nazarbaýewiň ady bilen baglanyşdyrylýar.

Nursoltan Nazarbaýew indi 1989-njy ýyldan bäri Gazagystana liderlik edip gelýär. Şu aprel aýynyň başynda 70 ýaşly Nazarbaýewiň dördülenji möhlete prezident saýlanaly bäri köpleri bir zat gyzyklandyrýar: ol hem «Nazarbaýew ahyrsoňy häkimiýetden gidensoň, onuň ornuna kim geçer?” diýen sowal.

Bu tema soňky ýyllarda garaşsyz habar serişdeleriniň we ekspertleriň arasynda köp jedelleşilýän tema öwrüldi. Şu ýylyň aprelinde N.Nazarbaýewe ýakyn syýasy toparlar onuň oruntutarlygyna kimiň geçip biljekdigi baradaky meseläniň Nazarbaýew tarapyndan hem öwrenilýändigi barada ilkinji gezek dil ýardylar.

Ýakynda prezidentiň syýasy meseleler boýunça maslahatçysy Ermuhamed Ertysbaýew häzirki wagtda özleriniň bir lider tarapyndan dolandyrylýan sistemadan geňeşli dolandyrylýan sistema geçmek barada oýlanýandyklaryny aýtdy.

«Biz geljek bäş ýylyň dowamynda syýasy sistema haýsydyr bir adamyň erk-ygtyýaryna bagly bolup durman, onsuz hem işläp biler ýaly bir sistemany döretmeklige tarap hereket etmekligi göz öňünde tutýarys» diýip, Ertysbaýew belledi.

«Prezidentlik-parlamentar»

Ertysbaýew bu gürrüňi edilýän sistemany «prezidentlik-parlamentar sistema» diýip atlandyrdy. Eýse, onuň «prezidentlik-parlamentar» diýýän sistemasy nähili sistema bolup biler? Gazagystanyň şertlerinde bu dolandyryş usulynyň nähili usul boljakdygy barada ekspertleriň arasynda heniz aýdyň bir garaýyş ýok.

Emma, beýleki tarapdan, apreliň başynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň yz ýany Nazarbaýewiň körekeni, 44 ýaşly Timur Kulybaýewiň «Samruk kazyna» atly döwlet üpjünçilik fondunyň başlygy wezipesine bellenmegi köpleriň ünsüni özüne çekdi. Bu fond Gazagystanyň ykdysady baýlygynyň 60 prosente golaýyna eýeçilik edýär. Onuň düzümine bolsa ýurduň energiýa, transport we aragatnaşyk pudaklary ýaly birgiden möhüm pudaklar girýär.

Milliarderleriň sanawyna girýän Kulybaýew onsuz hem ýurduň iň baý kompaniýalarynyň biri bolan «KazEnergy» hususy assosiasiýasynyň başlygy wezipesini eýeläp gelýär. Bu assosiasiýanyň garamagynda bolsa ýurduň iň esasy nebit, gaz we uran öndüriji kompaniýalarynyň 50-den gowragy bar.

Mümkinmi?

Moskwadaky postsowet meselelerini öwreniji analitik barlaglar merkeziniň direktory Alekseý Wlasow Gazagystanda ýakyn wagtlarda parlament häkimiýetiniň boljakdygyna kän bir ynanmaýandygyny, emma Nazarbaýewe meňzeş täze bir oruntutaryň bolmagynyň welin, mümkindigini aýdýar.

«Emma beýle diýmek prezident özüne 2013-nji, 2014-nji ýa 2015-nji ýyly ahyrky möhlet edip goýandyr diýmekligi aňlatmaýar. Ol möhleti anyk bolmadyk geljekde dolanydyryşy we onuň ähli mehanizmlerini başga bir şahsyýete tabşyrmak üçin meýdança taýýarlar we ony şol şahsyýete-de tabşyrar. Ol şahyýeti bolsa diňe onuň özi kesgitlär we diňe özi-de ol barada karar kabul eder» diýip, Wlasow belleýär.

Gazagystanly biznesmen we syýasatçy Bulat Abylow ýurduň syýasy we ykdysady sistemasynyň gümürtik sistemadygyny, millionlarça dollarlyk kreditleriň we inwestisiýalaryň ykbaly barada adaty raýatlaryň hiç zat bilmeýändiklerini aýdýar.

Prezident Nazarbaýewiň ýolbaşçylygy astynda 2000-nji ýyldan 2007-nji ýyla çenli ýurduň ykdysadyýeti her ýyl 9 prosentden hem geçirip ösdi. Emma Nazarbaýewiň garşydaşlary ýurtdaky bu ösüşiň prezidentiň aýratyn bir başarnyklarynyň netijesi däl-de, eýse ýurduň tebigy baýlyklarynyň netijesidigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG