Sepleriň elýeterliligi

Arza-şikaýatlar diňlenmeli


Ýazgulyýew: "Prezidentiň her bir raýatyň arza-şikaýatyny jikme-jik seljerip, adalatly çözgüt kabul etmek tabşyrygyny berenden soňra, adamlarymyzyň arasynda bu topara bolan ynam ýaňadan janlandy diýip aýtsa bolar".

Ýazgulyýew: "Prezidentiň her bir raýatyň arza-şikaýatyny jikme-jik seljerip, adalatly çözgüt kabul etmek tabşyrygyny berenden soňra, adamlarymyzyň arasynda bu topara bolan ynam ýaňadan janlandy diýip aýtsa bolar".

15-nji aprelde geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet baştutanymyz raýatlardan gelip gowuşýan ýüztutmalar baradaky meselä ünsi çekip, Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky ýurdumyzyň raýatlarynyň ýüztutmalaryna garamak baradaky döwlet toparynyň işini has-da güýçlendirmek, ony il-ýurt bähbidine gönükdirip, kanunçylygy berkitmek işinde möhüm çeşmä öwürmek, her bir raýatyň ýüztutmalaryny jikme-jik seljerip, adalatly çözgütleri kabul etmek hakynda degişli ýolbaşçylara tabşyryk berdi.

2007-nji ýylyň fewralynda ýurdumyzyň raýatlarynyň ýüztutmalaryna garamak baradaky döwlet topary döredilende, bu topardan Nyýazow döwründäki eden-etdilikden ejir çeken, nähak günälenen adamlar uly umut bilen aklanmagy arzuwlap, ol döwlet toparyna ýüz tutupdylar.

2002-nji ýylyň noýabrynda Nyýazowyň "janyna kast edildi" diýlen waka dahylly edilen 11 adamyň 2007-nji ýylyň awgustynda hut raýatlaryň ýüztutmalaryna garamak baradaky döwlet toparynyň gelen çözgüdi esasynda günäleri geçildi diýip, resmi propagandanyň maglumat bermegi dünýä jemgyýetçiliginde hem bu topara bolan ynamy döredipdi.

Soňra bu topara ýerli ýolbaşçylaryň korrupsiýasyndan, eden-etdiliginden ejir çeken adamlar ýüz tutup, adalatly çözgüde garaşypdylar. Emma prezidentiň ýanyndaky raýatlaryň ýüztutmalaryna garamak boýunça döwlet topary adamlaryňam, dünýä jemgyýetçiliginiňem ynamyny ödemedi.

Iň bärkisi raýatlaryň ýüztutmalaryna garamak baradaky döwlet toparynyň işlemek düzgünini kesgitleýän ýurdumyzyň kanuny ýok. Şonuň üçin arza-şikaýat edilýän edara-kärhana, has dogrusy, üstünden arz edilýän emeldaryň hut özüne arzaçynyň şikaýatyny ýollaýarlar. Şeýlelikde, hakykatda ýerli häkimiýete doly-garaşly etrap-welaýat prokurlary ýerli döwlet emeldarynyň gelen çözgüdi esasynda arza-şikaýata jogap berýärler. Eger arzaçy berlen jogapdan närazy bolup, arzasyny prezidente ýa-da iň bolmanda ýokary suddan, döwlet emeldarlaryndan haraý gözläp, ikinji gezek arza ýazsa, şol arzaçyny göz astyna alýandyklaryny açyk aýtsa bolar.

Mysal üçin, tejenli Aman aga bir oglunuň nähak işden çykarylandygy hakynda 2008-nji ýylda prezidentiň poçtasyna üç gezek hat ýazanyndan soňra, ony ýokary wezipeli ýerli güýç ulanyjy wekiliň çagyryp, "Ýaşuly, beýleki iki ogluň işden çykarylmagyny islemeýän bolsaň, ýokarylara arza ýazyp, başymyzy azara goýma, indi düşünmeseň oýnumyz däldir" diýendigini, ogullarynyň hem güýç ulanyjy edara çagyrylyp, özi üçin gorkuzylandygyny gürrüň berdi.

Halkyň umydy

Adyny Jemal diýip tanadan žurnalist hem işleýän redaksiýasyndan nähak işden çykarylandygy üçin, prezidentiň ýanyndaky raýatlaryň ýüztutmalaryna garamak baradaky döwlet toparyna 2009-njy ýylyň başyna birinji gezek şikaýat edende, hiç hili jogap bolmandygyny, ikinji gezek ýüz tutanda bolsa Köpetdag etrap prokuraturasyndan bir prokuroryň ýörite çagyryp, "Dogan, seniň üstünden arz edýän žurnalyň redaktoryny hormatly prezidentimiz belleýär. Ol prezidentiň wekili. Şonuň üçin biz saňa kömek edip bilemzok, sen arzaçy diýip, adyňy zaýalama, häzirlikçe bu sistemadan git. Eliňde diplomyň bar, ugruňy tap-da, mugallymçylyk et. Şu arza bilen üstünden arz edýän baş redaktoryň tanyşdyrylanda, ol seň üstüňden "töhmet atýar" diýip arz etjek diýdi, biz töwella edip, pälinden gaýtardyk, ýöne indi bir ýere arz etseň seň üstüňden iş açmaly bolar" diýendigini aýdyp, soňra hiç ýere arz edip bilmändigini aýtdy.

Şeýlelikde, prezidentiň ýanyndaky raýatlaryň ýüztutmalaryna garamak baradaky döwlet topary formal bir gurama — edara öwrüldi. Ýöne prezident gaýtadan raýatlaryň ýüztutmalaryna garamak baradaky döwlet toparynyň işini janlandyrmak, her bir raýatyň arza-şikaýatyny jikme-jik seljerip, adalatly çözgüt kabul etmek tabşyrygyny berenden soňra, adamlarymyzyň arasynda bu topara bolan ynam ýaňadan janlandy diýip aýtsa bolar.

Ýurdumyzyň raýatlarynyň ýüztutmalaryna garamak baradaky döwlet toparynyň işlemeginiň tizden-tiz kanuny esasynyň kabul edilip, ýerli emeldarlaryň eden-etdiligini garaşsyz derňäp, netije çykaryp biljek ýagdaýlaryň dörediljekdigine, şeýle-de, Nyýazowyň syýasatyna adyl baha berlip, nähak günälenen adamlaryň şu döwlet toparynyň çözgüdi esasynda aklanjakdygyna adamlar uly umut bilen garaşýarlar. Munuň üçin bolsa prezidentiň tabşyrygynyň derhal ýerine ýetirilip, raýatlaryň ýüztutmalaryna garamak baradaky döwlet toparynyň işiniň janlanýandygyny halkyň çalt duýmagy zerur.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG