Sepleriň elýeterliligi

Owganystanyň türmesinden ýüzlerçe tussag gaçdy


Owganystanyň günortasyndaky türmeden ýüzlerçe tussag gaçdy. Olardan köpüsiniň "Taliban" bolmagy mümkin diýlip, çak edilýär.

Tussaglar gaçmak üçin, ýerasty nagym gazypdyrlar.

Kandagaryň türme ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, bu gaçyş geçen gije bolupdyr.

“Türmeden gaçan 467 tussagdan köpüsi syýasy tussaglar bolmaly. Olar türmeden bir oba tarap nagym gazypdyrlar. Olaryň muny nädip edendikleri entek mälim däl. Polisiýa barlag işlerini geçirýär. Olardan 8 adam şu gün ertir tutulyp, ýene türmä salyndy” diýip, ol resmi aýdýar.

"Taliban" bu habary tassyklady. Gaçanlaryň arasynda özlerine wepaly söweşijileriň, şol sanda birnäçe meýdan komandiriniň bardygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG