Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus: partlamadan heläk bolanlaryň sany 14-e ýetdi


Minskide bolan terror aktyndan heläk bolanlaryň sany 14-e ýetdi.

Belarusyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň maglumatyna görä, keselhanadaky agyr ýaralylardan biri şu gün jan beripdir.

Şol terror aktyndan 92 adam keselhana ýerleşdirilipdi. Hadysa bolan wagty 11 adam ýogalypdy.

Derňew netijesinde, öň 5 adam saklanypdy. Olardan biri terror aktyny geçiren hasaplanýar.

Şu gün şol terror aktyny geçiren diýlip şübhe bildirilýäniň kakasy bilen doganyny-da tussag astyna alypdyrlar. Bu barada Belarusyň içeri işler ministri Anatoliý Kuleşow aýtdy.
XS
SM
MD
LG