Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemeniň Taýez şäherindäki çaknyşykda iki adam öldi


Ýemeniň paýtagyt Sanaanyň günortasyndaky Taýez şäherinde demostrantlar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky çaknyşykdan 2 adam heläk boldy.

Prezident Ali Abdulla Salehiň haýal etmezden wezipeden çekilmegini talap edip, onlarça müň adam demonstrasiýa çykdy.

Paýtagtda bolsa Salehiň tarapdarlarynyň we oňa agrşy çykýanlaryň protestleri dowam etdi.

Geçen şenbe güni Pars aýlagyndaky goňşy döwletleriň araçyllygynda, sud derňewleri bolmazlyk şerti bilen Ýemen häkimiýeti geçiş palyny kabul etdi.

Şoňa laýyklykda Saleh 30 günüň dowamynda häkimiýeti ýurduň wise-prezidentine tabşyrar.

Bu ylalaşygy ähli oppozisiýa tarapdarlary goldap barmaýar. Olar indi Salehiň häkimiýetden çekilmegini iki aýdan gowrak wagt bäri talap edip gelýärler.
XS
SM
MD
LG