Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýada 12 müň adamyň jesedi gözlenilýär


Ýaponiýada 25 müň çemesi harby gullukçy 11-nji martda bolan tebigy heläkçilikde “dereksiz ýitdi” diýilýän 12 müň adamyň jesedini gözlemek işine girişdiler.

Bu ýurta şol tebigy heläkçilikden soň şuňa meňzeş geçirilýän giň gerimli 3-nji gözleg işleridir.

Şu günüň dowamynda 38 adamyň jesediniň tapylandygy aýdylýar. Gözleg işleri ertir hem dowam eder.

Jesetleriň köpüsini deňiz syryp äkidendir diýlip howatyrlanylýar.

Häzire çenli, resmi maglumata görä, 14,340 adamyň heläk bolandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG