Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çernobyl heläkçiliginiň 25 ýyllygy bellener


Ukraina Çernobyl heläkçiliginiň 25 ýyllygyny bellemäge taýýarlanýar. Ol dünýäde bolup geçen iň ýaramaz atom heläkçiligi hasaplanylýar.

Çernobyl atom elektrik stansiýasyndaky partlama 1986-njy ýylyň 26-njy aprelinde ýüze çykypdy. Köp mukdarda radioaktiw şöhle howa ýaýrady, şol sanda Ýewropa döwletleriniň ençemesiniň üstüne bardy.

Heläkçiligiň golaýyndaky ukrain hem belarus ilatyndan müňlerçe adamy öz jaýlaryndan göçürmeli bolupdy.

Geçen hepdede Kiýewde bolup geçen ýardam berijileriň halkara maslahatynda Çernobyl üçin 550 million ýewro toplanyldy. Çernobylyň daşyna täze örtgi etmek üçin 740 million ýewro gerek.
XS
SM
MD
LG