Sepleriň elýeterliligi

Merkezi Aziýa Pars aýlagy bilen baglanyşdyrylar


Täze proýekt Türkmenistany Pars aýlagy ýurtlary bilen baglanyşdyrar.

Täze proýekt Türkmenistany Pars aýlagy ýurtlary bilen baglanyşdyrar.

25-nji aprelde paýtagt Aşgabatda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň, Kataryň we Omanyň daşary işler ministrleri täze halkara transport we tranzit marşrutyny döretmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler. Bu marşrut Merkezi Aziýa döwletlerini Pars aýlagy bilen baglanyşdyrjak halkara proýektidir.

Täze transport ýoluny döretmegiň zerurlygy 2010-njy ýylyň noýabr aýynda Tähranda mälim edilipdi. Şonda Türkmenistanyň, Eýranyň, Kataryň, Omanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri söwda, tranzit we regional hyzmatdaşlyk üçin düzgünleri ýönekeýleşdirmegiň zerurlygyny nygtapdylar.

Türkmenistan Eýran bilen transport aragatnaşygyny ösdürmek boýunça regional derejede hem hyzmatdaşlyk edýär. Ol Eýran we Gazagystan bilen bilelikde döwletara demirýol gurluşygyny hem amala aşyrýar. Bu proýekt Türkmenistany Gazagystanyň üsti bilen Orsýet we Hytaý bilen, Eýranyň üsti bilen bolsa Pars aýlagyndaky ýurtlar bilen baglanyşdyrar.

“Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýoly”

Eýranyň metbugatynyň habar bermegine görä, ýurduň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi Türkmenistan we Gazagystan bilen bilelikde amala aşyrylýan “Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýolunyň” gurluşygynyň ýurtlaryň arasyndaky söwda alyş-çalşygyny düýpli ösdürip biljegine ynanýar.

27-nji aprelde Nowruz baýramy mynasybetli Eýrana eden saparynyň dowamynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem döwletara demirýol gurluşygyny türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň iň üstünlikli proýektleriniň biri diýip atlandyrdy we onuň halkara söwda-ykdysady ýollaryny açýanlygyny belledi.

Resmi Aşgabadyň bellemegine görä, “Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýoly” Hindi okeany we Pars aýlagy döwletlerini Eýranyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Orsýetiň üsti bilen Demirgazyk we Günorta Ýewropa döwletleri bilen hem birleşdirer. Bu bolsa Sues kanalynyň üsti bilen agzalýan regiona barýan ýoldan üç esse gysga diýlip, habar berilýär.

Bu hazarýaka demirýol liniýasynyň gurluşygy ýurtlaryň 2007-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Tähranda gol çeken üç taraplaýyn ylalaşygyna laýyklykda amala aşyrylýar. Uzynlygy 670 kilometrlik Üzen-Gyzylgaýa-Bereket-Etrek-Gürgen demirýolunyň 470 kilometri Türkmenistanyň üstünden geçýär.

“Gyzylgaýa-Bereket-Etrek”

“Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýolunyň” Türkmenistanyň territoriýasyndan geçýän “Gyzylgaýa-Bereket-Etrek” böleginiň ugrunda Bereket hem Serhetýaka atly täze demirýol stansiýalarynyň gurlup başlanandygy barada hem habar berilýär.

“Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýolunyň” Türkmenistana degişli demir ýol böleginiň gurluşygy Yslam ösüş bankyndan we eýranly “Pars energy” kompaniýasyndan alnan kredit serişdeleri bilen maliýeleşdirilýär.

Şu ýylyň mart aýynda Aziýa ösüş banky hem Türkmenistana 125 million dollarlyk karz pul beripdi. Bu kredit “Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýolunyň” Türkmenistana degişli böleginde elektrik, aragatnaşyk, telekommunikasiýa sistemalarynyň gurluşygyna niýetlenip goýberildi.
XS
SM
MD
LG