Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Suzdalsew: "Bu dogry ugra tarap ädilen ädim"


Şweýsariýada BSG-nyň maslahatynyň geçýän pursaty. Ženewa, 15-nji deabr, 2011 ý.
Şweýsariýada BSG-nyň maslahatynyň geçýän pursaty. Ženewa, 15-nji deabr, 2011 ý.
Prezident G.Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmak baradaky gepleşiklere başlajagyny aýtdy we hökümet agzalaryna bu meseläni öwrenmegi tabşyrdy.

Türkmen resmileri ozal, beýleki post-sowet ýurtlarynyň ýolbaşçylaryndan tapawutlylykda, bu gurama agza bolmak baradaky isleglerini açyk mälim etmändiler. Eýsem Türkmenistanyň bu gurama agza bolmak islegine nähili düşünmeli we ol isleg näderejede real?

Azatlyk Radiosy bu barada Moskwadaky Ýokary Ykdysadyýet mekdebiniň maglumat we ykdysady syýasat fakultetiniň dekanynyň orunbasary Andreý Iwanowiç Suzdalsew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Andreý Iwanowiç, siz Türkmenistanyň bu ädimine ykdysatçy ekspertiň nukdaý nazaryndan nähili baha bererdiňiz?

Andreý Iwnowiç Suzdalsevw, syýasy synçy.
Andreý Iwnowiç Suzdalsevw, syýasy synçy.
Andreý Suzdalsew: Görýäňizmi, ýagdaý nähili? Türkmenistan, giňden mälim bolşy ýaly, örän ýapyk ýurt. Ýöne umuman alnanda, iru-giç açylmak zerur. Sebäbi diýseň, dünýä özgerýär we häzir dünýä goşulmazdan öz ykdysadyýetiňi, durmuş ýörelgäňi saklamak asla mümkin däl. Umuman aýdylanda, Türkmenistanyň post-sowet giňişliginiň Demirgazyk Koreýasy bolup galmagy islenilýän zat däl. Meniň pikirimçe, bu dogry ugra tarap ädilen ädim.

Azatlyk Radiosy: Bilşimiz ýaly, BSG-a öňki sowet respublikalaryndan sanaýmalyjasy girip bildi. Olardan ilki agza bolan Gyrgyzystany, Latwiýany, soň Litwany, Moldowany we geçen ýyl agza bolan Orsýeti ýatlap bolar. Täjigistan, Özbegistan ýaly ýurtlar bolsa bu gurama synçy hökmünde gatnaşýar. Siziňçe, Türkmenistanyň BSG-a agza bolmagyna nähili päsgelçilikler bar?

Andreý Suzdalsew: Bilýäňizmi nähili kynçylyk bar? Türkmenistanyň BSG-nyň içinde bolmak islegi örän düşnükli, sebäbi dünýä ykdysadyýetinden daşarda galmak gaty çylşyrymly. Ýöne munuň üçin Türkmenistanyň öňünde örän çynlakaý päsgelçilikler bar. Bu päsgelçilikler çuň ykdysady häsiýete eýe bolup durýar. Iň esasy päsgelçilik bolsa, Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar ykdysadyýeti däl. Bu ullakan döwlet sektory we, umuman, döwlet ýurduň eksportyna monopoliýalaýyn kontrollyk edýär. Ine, şu şertler Türkmenistanyň partnýorlary bilen gepleşiklerini çylşyrymlaşdyrar.

Bütindünýä Söwda Guramasyna girmegiň şertleri boýunça, agzalyk arzasy berlenden soň, Türkmenistanyň we gyzyklanýan ýurtlaryň kömegi bilen, gepleşik alyp baryjylar ýörite punkt döreder. Umuman, Türkmenistanyň esasan energiýa geçirijilerini ulanýandygyny nazara alynyňda, bu punkt uly bolmaz, emma gaty berk bolar.

Elbetde, Türkmenistana öz hartylaryny eksport edýän ýurtlar, has arzan gümrük tölegleri we beýlekiler ýaly, özleri üçin amatly şertleriň bolmagyny gazanjak bolarlar. Emma bu ýerde iň esasy päsgelçilik Türkmenistanda hakyky bazar ykdysadyýetiniň bolmazlygy bolup durýar.

Azatlyk Radiosy: Eger Türkmenistan bu gurama agza bolsa, onuň gazanjak utuşy nähili bolar?

Andreý Suzdalsew: Muny öňünden aýtmak kyn, sebäbi Türkmenistan gaz, nebit ýaly, ýagdaýa görä örän möhüm önümleriň söwdasyny edýär. Men biraz şübhelenýärin, onuň öz gümrük syýasaty bar, türkmen bazary ýapyk, bu bazary açmak bilen bagly geljekde birnäçe kynçylyk bolar. Onsoň bada-bat peýda boljagyny aýtmak kyn.

Perspektiwada, türkmen ykdysadyýetiniň ösmegi bilen, diwersifikasiýa arkaly, içerki we daşarky bazarlardan belli bir derejede has dürs peýda görmegiň görnüşleri dörär. Ýöne bu perspektiwada, geljekde bolar, başda bolsa men käbir derejede zyýan görler diýip pikir edýärin.
XS
SM
MD
LG