Sepleriň elýeterliligi

Trump: Musulman immigrantlaryň ABŞ-a girmegi gadagan ediler


Prezidentlik saýlawlarynda Amerikanyň "Respublikan" partiýasy tarapyndan kandidat bellenmek ähtimallygy has ýokary bolan Donald Trump musulmanlara Birleşen Ştatlara ýol bermezlik baradaky tutumyny gataldyp, bu gadagançylygyň, ilkinji nobatda Owganystana, Pakistana we Siriýa garşy gönükdiriljekdigini aýtdy.

"Yslam döwleti" atly toparyň bir tarapdarynyň Floridada 49 adamyny öldüreninden bir gün soň, ýagny 13-nji iýunda Trump özüniň prezidentlik ygtyýarlylygyndan peýdalanyp, çet ýurtly musulmanlara Amerika girmäge gadagançylyk girizjekdigini gaýtalady.

Bu gadagançylyk, onuň aýtmagyna görä, Birleşen Ştatlaryň, Ýewropanyň we onuň ýaranlarynyň garşysyna terroristik geçmişiniň bardygy subut edilen ýurtlary öz içine alar, özi-de hemişelik däl-de, diňe bu howpuň soňuna nädip çykylmalydygyna doly düşünilýänçä.

Immigrasiýa gadagançylygy biz "ýurda gelýän bu adamlary doly barlarlyk ýagdaýda bolýançak dowam eder. Olar gelip, ýurda guýlup durlar, biz hem näme edýänimizi bilemzok" diýip, Trump tekrarlady.

“Serhetlerimize kontrollyk etmeli bolarys”

Ol Floridada adamlary atyp öldüren 29 ýaşly Omar Matiniň ene-atasynyň Owganystanda doglandygyna, öten ýyl San Bernardinoda gandöküşikli hüjümi amala aşyranyň ene-atasynyň Pakistandandygyna, onuň hüjüme gatnaşan aýalynyň hem Saud Arabystanyndandygyna salgylandy.

Trump hemmesi Birleşen Ştatlaryň ýaranlary bolan bu ýurtlaryň öz teklip eden immigrasiýa gadagançylygyna giriziljekdigini duýdurdy.

Trump "Owganystandan Birleşen Ştatlara göçüp gelýän immigrantlaryň sany bir ýylyň içinde bäş essä golaý artdy. 'Pew Research' barlagynyň görkezmegine görä, Owganystanda ilatyň 99 prosenti repressiw şerigat kanunyny goldaýar" diýýär.

"Biz regionda bu repressiw garaýyşlara uýýan beýleki ýurtlardan gelýän adamlary hem kabul edýäris. Erkin we açyk jemgyýet bolup galjak bolsak, onda öz serhetlerimize kontrollyk etmeli bolarys".

Gadagançylyk sanawy

Trump prezidentlik saýlawynda özi bilen bäsdeşlige girmegi ähtimal demokrat Hillary Klintonyň ýene köp musulmanlary, aýratyn-da siriýalylary ýurda getirmek isleýändigini aýdyp, bu Birleşen Ştatlaryň howpsuzlygyna zyýan ýetirer diýdi.

"Ol indi barlagdan geçirmän köp adamlary kabul etmegi, şeýle hem siriýaly bosgunlary bäş ýüz prosent artdyrmagy planlaşdyrýar. Biz muňa ýol berip bilmeris" diýip, Trump öz pikirini beýan etdi.

Trumpyň gadagançylyk sanawynda Somali-de bar. Ýöne ol Birleşen Ştatlaryň hökümetiň "Yslam döwleti" toparyny olaryň 2014-nji ýylda basyp alan territoriýasyndan çykarmak barada alyp barýan kampaniýasyny goldaýan ýurdy bolan Yragy agzanok.

Klinton Trumpyň aýdýanlaryna gaty howply diýip, gaýtawul berdi: "Ol bu hüjümleriň aňyrsynda ýatan Amerika garşy duýgulary artdyryp, yslamçylyk ideologiýasyny polýarizlär" diýdi.

"Men bu işi edemok. Sebäbi, meniň pikirimçe, bu howply zat. Tutuş regiony garalamak 'Yslam döwleti' toparyny güýçlendirer" diýip, Klinton 13-nji iýunda "CNN" telekanalyna beren interwýusynda belledi.

XS
SM
MD
LG