Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň tarapdarlarynyň 'gizlin' parahatçylyk planyna ýardam berendigi aýdylýar


Trampyň adwokaty Maýkel Koheniň “New York Times” gazetine aýtmagyna görä, Flin Trampyň milli howpsuzlyk geňeşçisikä, ol Artemenkonyň planyny elin eltip, onuň býurosynda goýup gaýdypdyr.
Trampyň adwokaty Maýkel Koheniň “New York Times” gazetine aýtmagyna görä, Flin Trampyň milli howpsuzlyk geňeşçisikä, ol Artemenkonyň planyny elin eltip, onuň býurosynda goýup gaýdypdyr.

“New York Times” gazetiniň ýazmagyna görä, Orsýetiň tarapyny çalýan ukrainaly bir oppozision kanunçykaryjy gündogar Ukrainada barýan konflikt hakda prezident Donald Trampyň adwokatynyň goldawy bilen, onuň administrasiýasyna alternatiw parahatçylyk planyny teklip edipdir.

19-njy fewralda çykan raportda Trampyň adwokaty Maýkel Koheniň bu hasabaty wezipesinden çekilmezinden bir hepde öň öňki milli howpsuzlyk geňeşçisi Maýkel Fliniň garamagyna berendigi aýdylýar. Maýkel Flin özüniň Orsýetiň Birleşen Ştatlardaky ilçisi bilen bolan gatnaşyklary hakda administrasiýa ýeterlik maglumat bermändigi sebäpli geçen hepde wezipesinden çekildi.

Daşary syýasatda tejribesiz bolan Koheniň özi barada hem Orsýetiň aňtaw gulluklary bilen ilteşikde bolmakda güman edilip, Federal derňew býurosy (FBI) tarapyndan derňew işleri alnyp barylýar. Kohen bu aýdylýanlary ret edýär.

Gürrüňi edilýän plany Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenkonyň korrupsiýa işleri hakda öz elinde subutnamalaryň bardygyny aýdýan ukrainaly oppozision kanun çykaryjy Andriý Artemenko taýýarlapdyr.

“New York Times” gazetiniň raportynda aýdylmagyna görä, Artemenkonyň planynda “prezident Tramp üçin Orsýetiň garşysyna girizilen sanksiýalary ýatyrmagyň ýoly” umumy görnüşde beýan edilýär.

Artemenko “New York Times” gazetine öz planyndan ilkinji maksadyň Gündogar Ukrainadaky urşuň soňlanmagyny gazanmakdygyny aýdypdyr.

Ikinji maksat hem Birleşen Ştatlar bilen Orsýet arasyndaky gatnaşyklary gowulandyrmak.

Artemenko gazete: “Bularyň ikisi-de bir zarbada başartsa, onda bu uly üstünlik bolar” diýipdir.

Ol şeýle hem öz planyny Orsýetiň ýokary derejeli resmileriniň hem goldandygyny aýdypdyr.

Artemenko özüniň Kohen bilen Feliks Sater arkaly gatnaşyk açandygyny aýdýar. Feliks Sater hem ozal mafia bilen baglanyşykly korrupsiýada aýyplanyp, 1998-nji ýylda etmişli tapylyp, iş kesilen adam.

Koheniň “New York Times” gazetine aýtmagyna görä, Flin Trampyň milli howpsuzlyk geňeşçisikä, ol Artemenkonyň planyny elin eltip, onuň býurosynda goýup gaýdypdyr.

Ukrainanyň Birleşen Ştatlardaky ilçisi Waleriý Çaly Artemenkonyň başlangyjyny tankytlap, oppozision kanun çykaryjy “Ukrainanyň tarapyndan haýsy hem bolsa bir alternatiw parahatçylyk planyny hödürlemäge hukukly däl” diýdi.

Gündogar Ukrainada hökümet güýçleri bilen Orsýet tarapdan goldanýan separatistler arasynda barýan uruşda 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri 9750-den agdyk adam öldi.

XS
SM
MD
LG