Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oşdaky türkmen studentleri kömege garaşýar


Etniki özbekler gyrgyz-özbek serhedinden Özbegistan tarapyna geçýärler, 12-nji iýun, 2010-njy ýyl.
Etniki özbekler gyrgyz-özbek serhedinden Özbegistan tarapyna geçýärler, 12-nji iýun, 2010-njy ýyl.

Gyrgyzystanyň dürli uniwersitetlerinde 10 müň çemesi türkmen studenti bilim alýar. Gyrgyzystandaky wakalaryň barşynda çaknyşyk turan ýerlerde türkmen studentleriniň hem ýagdaýy erbetleşdi. Türkmen studentleri Azatlyk Radiosyna beren interwýularynda öz janlarynyň howp astyndadygyny aýdýarlar.

Gyrgyzystanyň Oş şähärinde okaýan, özüni Arslan diyip tanadan student türkmen studentleriniň horlanýandygyny aýtdy. Ol şeýle diýýär: “Asudalyk ýok. Polisiýa organlary bolsa bizi goramaýar, tersine, bize azar berýärler. Türkmen studentleri her ýarym sagatdan biri-biri bilen mobil telefony arkaly habarlaşýarlar. Käbir dostlarmyzyň habar bermegine görä, ýoldan geçip baraýanlar içi nebitli çüýşeleri otlap, olaryň ýaşaýan öýleriniň aýnasyndan oklap, köp öýleri otlapdyrlar. Köp öýleriň aýnalary döwük. Biz näme etjegimizem bilemzok“.

Arslan öz başlaryndan geçýän kynçylyklar hakda ýene şeýle diýýär: “Biz okuwa baryp bilemzok. Çörek almaga hem çykyp bilemzok. Biz öz problemamyzy çözmek üçin hiç kime ýüzlenip hem bilemzok. Polisiýa hem ynanyp bolmaýar. Gyrgyz polisiýasy bizden pul soraýar. Biz diňe kynçylyk çekýäris we elimizden gelýän hem zat ýok“.

“Türkmenistan Gyrgyzystandaky türkmen studentlerini ýurtdan sag-aman alyp çykmagyň aladasyny edip başlady. Siz Türkmenistandan ýene nähili kömeklere garaşýarsyňyz?“ diýen sowalymyza Arslan şeýle jogap berdi: “Entek çaknyşyklar başlanmanka Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Soltan Pirmuhammedow biziň aramyza geldi. Ýöne ilçi biziň soraglarymyza doly jogap bermedi ýa-da soraglarymyzy jogapsyz goýdy. Türkmen studentleri Türkmenistanyň Gyrgyzystanda wekilhanasynyň yoklugy sebäpli alada bildirdiler. Ilçi bolsa bize: “Siz Gyrgyzystana hökümet tarapyndan okuwa iberilmediňiz we bu barada Gyrgyzystan bilen döwletara gepleşik geçirilmeli“ diýip, başdansowma jogap berdi”.

Arslan “Türkmenistan bize goldaw bermeli. Biz her ýerde bolsak hem öz okuwymyzyň aladasyny ederis. Emma häzir bu ýerde uruş barýar. Oşda başga milletlerden, meselem, Pakistandan Hindistandan Gazagystandan hem studentler bar. Olara öz ilçihanalary kömek edýär” diýýär.

Türkmen studentleriniň ýagdaýyny olaryň ene-atalary uly alada edinýärler. Arslanyň sözlerine görä, olar öz çagalaryndan telefon arkaly habar tutýarlar we biynjalyk bolýarlar. “Olar bize “öýden çykmaň” diýip, maslahat berýärler. Emma Türkmenistanda oturan ene-atalarymyzyň elinden näme gelsin? Olar nädip bize kömek etsin?” diýip, türkmen studenti sözüniň üstüni ýetirdi.

“Eger Türkmenistanyň häkimiýetleri bize kömek etmeseler, häzirki ýagdaýda Gyrgyzystanyň hukuk goraýjy organlary ýa-da uniwersiteterimiz bize hiç hili kömek edip bilmeýärler. Şu alaçsyz ýagdaýda ýurda dolanmak isleýäris“ diýip, türkmenistanly student söhbetdeşlikde aýtdy.

Soňky gelip ýeten maglumatlara esaslansak, Türkmenistanyň Howa ýollary iki uçary Gyrgyzystana iberdi. Emma studentler bu uçarlaryň ýurduna dolanmak isleýän türkmen studentleriniň hemmesini alyp gaýtmak üçin ýeterlik däldigini aýdýarlar.

Oşdaky türkmenistanly studentleriň aýtmagyna görä, häzir Oşda azyndan 700-e golaý türkmen studenti Türkmenistandan uçarlaryň gelmegine garaşýar. “Türkmenistan hem, beýleki ýurtlar ýaly, öz graždanlaryny uruş bolýan regiondan çykarmaly we olary goramaly“ diýip, studentler aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG