Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý-Merkezi Aziýa ylalaşyklary ŞHG-nyň sepini açýar


Türkmenistan, "Galkynyş" gaz ýatagynda işe girizilen zawod. 4-nji sentýabr, 2013
Türkmenistan, "Galkynyş" gaz ýatagynda işe girizilen zawod. 4-nji sentýabr, 2013
Hytaýyň prezidenti Si Jinpiň Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň (ŞHG) şu hepde Bişkekde geçýän sammitine bir topar täze Merkezi Aziýa energiýa şertnamasy bilen geldi.

13-nji sentýabrda geçýän sammitde sebitiň döwlet ýolbaşçylary bilen görüşmek we gepleşmek mümkinçiligine garamazdan, Si Pekiniň Merkezi Aziýadaky ykdysady gatnaşyklaryny ýygjamlandyryp başlamaga garaşyp durmady.

Ýagny Si sammitden öň Sowetler birleşiginiň Merkezi Aziýadaky ozalky respublikalarynyň dördüsiniň paýtagtlaryna sapar edip, her biri milliardlap dollara durýan energiýa şertnamalaryny baglaşdy.

Sammitden öňki göçümiň manysy

Bu sammit ŞHG-nyň alty agza döwletiniň, Hytaýyň, Orsýetiň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň baştutanlaryny bir ýere jemleýär. Türkmenistan oňa «ýörite çakylyk» esasynda gatnaşýar.

Eýran, Pakistan, Owganystan we Hindistan bu sammite «gözegçi» hökmünde gatnaşýar we, aýdylmagyna görä, agza bolmaga çalyşýar.

Emma hytaý lideriniň Bişkekde geçýän sammitden öň energiýa we infrastruktara ylalaşyklaryny baglaşmagy 1996-njy ýylda agza döwletleriň arasynda ykdysady we howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek üçin döredilen ŞHG-nyň, maýa we söwda hyzmatdaşlygyna gezek gelende, regionyň esasy forumy däldigini görkezýär.

Jeýms Reardon-Anderson Jorjtown uniwersitetinde Hytaý boýunça ylmy-barlag alyp barýan professor we dekanyň uly kömekçisi bolup işleýär:

"ŞHG diskussiýa üçin köptaraply forum. Emma men ol bu sebitdäki hökümetleriň arasyndaky ikitaraplaýyn gepleşikler ýaly ähmiýetlidir öýtmeýärin. Men bu kollektiw forum ol ýerdäki syýasatlardan gelip çykýan netijelerden garaşsyz bolup biler diýip oýlanmaýaryn."

Moskwanyň Halkara gatnaşyklary boýunça döwlet institutynyň eksperti Andreý Lukin bolsa, ŞHG-nyň ykdysady planlaryndaky esasy uly bökdençiligini uly infrastruktura taslamalary üçin regional maliýe guralynyň bolmazlygy bilen düşündirýär.

Regional ösüş bankyny döretmek barada ençeme ýyl bäri edilýän maslahata garamazdan, ŞHG bu ideýany durmuşa geçirip bilmän gelýär.

Pekiniň maksady

Si Merkezi Aziýada baglaşan täze ikitaraplaýyn şertnamalaryny maliýeleşdirmek üçin, Hytaýyň ösüş banky ýaly, Pekiniň döwlet eýeçiligindäki guramalaryň fondalaryndan peýdalanýar.

Pekiniň Merkezi Aziýadaky maksady energiýa üpjünçiligini berkitmekden we ol ýerdäki mineral serişdelerini Hytaýa daşamak üçin transport guramalaryny gurmakdan ybarat.

Reardon-Anederson munuň Orsýet bilen basdaşlyk döredendigini, sebäbi Moskwanyň Merkezi Aziýanyň energiýa eksportuna, hususan-da regionyň esasy nebit öndürijisi Gazagystandan çykarylýan energiýa kontrolluk etmek isleýändigini aýdýar.

Perezident Nazarbaýewiň oýny

Gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew özüniň bu iki ýurt bilen gepleşiklerinde Orsýet bilen Hytaýy bir-birine garşy goýmak oýnuny oýnaýar.

Bu ýagdaý hytaý liderine şu aý Astana sapar edende, öz ygtyýaryndaky döwlet serişdelerinden milliardlap dollary ulanyp, Gazagystanyň nebit pudagynyň bosagasyna gelmäge şert döretdi.

Nazarbaýew Astanada Si bilen duşuşykdan soň eden çykyşynda Hytaýyň Gazagystan üçin zerur nebit zawodyny guramaga kömek etmegi bilen, bu iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täzä bir derejä girýändigini aýtdy.

Si bolsa, öz çykyşynda Hytaýyň Gazagystanyň nebit pudagynda, Kaşagan nebit ýatagyny özleşdirýen bir firmadaky 8.33 prosent aksiýa arkaly, paýdara öwrülendigini aýtdy.
Prezident G.Berdimuhamedow (Ç) Hytaýly kärdeşi Jinpiň bilen, Aşgabat, 3-nji sentýabr, 2013.
Prezident G.Berdimuhamedow (Ç) Hytaýly kärdeşi Jinpiň bilen, Aşgabat, 3-nji sentýabr, 2013.

Si özüniň Merkezi Aziýanyň dört ýurduna saparyny 3-nji sentýabrda Aşgabatdan, türkmen prezidenti G.Berdimuhamedow bilen tebigy gaz şertnamasyna gol çekmeden başlapdy. Bu şertnama Hytaýyň Türkmenistandan alýan gazyny 2020-nji ýyla çenli iki esse köpeltmegine şert döretmeli.

Hytaý prezidenti Daşkende hem baryp, özbek prezidenti Yslam Karimow bilen Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan geçirijisini Türkmenistanyň günorta Ýolötendäki gaz ýatagyna çenli uzaltmak şertnamasyna gol çekdi.

Şeýle-de ol Bişkekde, 11-nji sentýabrda, gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew bilen duşuşyp, 3 milliard dollarlyk infrastruktura şertnamasyna gol çekdi.

Bu proektler goşmaça tebigy gaz geçirijisini, Gyrgyzystanyň demirgazyk we günorta regionlaryny birleşdirýän uly ýoluň gurluşygyny, Bişkegiň ýyladyş merkezini täzeden guramagy öz içine alýar.
XS
SM
MD
LG