Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen dissidenti Baýhanowa Orsýetde hüjüm edildi


Akmuhammet Baýhanow
Akmuhammet Baýhanow

Türkmenistanly öňki syýasy tussag Akmuhammet Baýhanowa Orsýetde hüjüm edilendigi habar berildi.

Häzir Orsýetde ýaşaýan Baýhanow bu hüjümiň 18-nji awgustda irden Moskwanyň etegindäki Balaşiha şäherinde ýaşaýan jaýynyň golaýynda bolandygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi: “Sagat dokuza golaý öýüme ýetmänkäm, beýik jaýlaryň arasynda kiçiräk köçe bar, şol köçäniň ahyrynda bilmedim nireden geldi iki sany adam nädip goltugymdan tutanlaryna düşünmedim. Tutup göterip öňde duran mikroawtobusa tarap itelejek boldular. Men şol wagt bada-bat olara garşylyk görkezdim”.

Akmuhammet Baýhanow özüne hüjüm eden ýüzi nikaply adamlaryň münen ulaglarynyň nomerlerini saýgaryp bilmändigini aýtdy.

“Olary diri görkeziň!” atly halkara kampaniýasy türkmen dissidentiniň Orsýetde hüjüme sezewar edilmegine aladalanma bildirip, 24-nji awgustda ýaýradan beýannamasynda, Akmuhamet Baýhanowyň ogurlanmagynyň başa baran ýagdaýynda, uly howpa sezewar boljakdygyny belledi we ol “Türkmenistanyň syýasy režiminiň üçünji bir ýurduň territoriýasynda tussag edilen ilkinji garşydaşy bolup, türkmen türmelerinde ýitirm bolan ýüzlerçe tussagyň ýene birine öwrülmegi ähtimaldy” diýdi.

Türkmenistanda tussaglykda dereksiz ýitenleriň ykbalyny anyklamak boýunça iş alyp barýan bu halkara kampaniýasynyň guramaçylaryndan Ýuriý Džibladze Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde, Türkmenistanyň resmileriniň eline düşen ýagdaýynda, Baýhanowa gynamalar we ölüm howpunyň abanýandygyny belledi:

“Bize mälim bolşuna görä, çak bilen geçen ýylyň dekabr aýrynda Aşgabatda daşary ýurtlarda ýaşaýan dissidentlere garşy güýç operasiýalaryny aktiwleşdirmek barada karara gelindi. Biz muny Akmuhammet Baýhanowa edilen hüjüm we atylan haýbatlaryň mysalynda, şeýle-de Geldi Kärizowyň maşgalasynyň Moskwada ýaşan wagtynda, olara edilen hüjümleriň we beýleki adamlara edilen basyşlaryň mysalynda görýäris. Bu zatlaryň ählisi režimiň öz tankytçylaryny sem etmek üçin gorkuzmak çäresidir” diýip, Ýuriý Džibladze aýtdy.

Akmuhammet Baýhanow 2003-nji ýylda tussag edilip, dört ýarym ýyllap Türkmenistanyň ençeme türmesinde, şol sanda Owadandepe türmesinde saklanypdy.

Baýhanow özüne näbelli adamlar tarapyndan edilen hüjüme türkmen häkimiýetleri tarapyndan görkezilýän basyşlarynyň dowamy hökmünde garaýar we ony iýul aýynyň başynda Orsýetde çap bolan “Owadandepede ýiten ruhlar” atly kitaby bilen baglanyşdyrýar.

1990-njy ýyllaryň ortalaryndan bäri Orsýetde türkmen dissidentlerine, garaşsyz žurnalistlerine we başga pikirdäki adamlara hüjüm edilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň ençemesi köpçülige mälim bolupdy. Hususan-da, 2003-nji ýylda Moskwada türkmen oppozisiýasynyň lideri Awdy Kulyýew urlup-ýenjilipdi.

“Olary diri görkeziň” atly kampaniýa türkmen dissidentine edilen soňky hüjümiň Türkmenistanda serhet gözegçiliginiň, şeýle-de ýurduň içinde öňdenem berk düzgüni hasam güýçlendirmek boýunça çäreleriň geçirilýän wagtyna gabat gelendigini, ýerli aktiwistleriň pikirine görä, täze konstitusiýanyň kabul edilmegi we geljekki prezidentlik saýlawlary bilen bagly bolup biljekdigini belleýär.

Adam hukuklaryny goraýjy “Memorial” guramasynyň Merkezi Aziýa programmasy, Demokratiýany we adam hukuklaryny ösdürmek boýunça merkez, şeýle hem “Crude Accountabity” guramasy tarapyndan bilelikde alnyp barylýan “Olary diri görkeziň!” atly kampaniýasy türkmen türmelerinde dereksiz ýiten, şol sanda 2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda türkmen häkimiýetleriniň Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşyk diýip atlandyran wakalaryna gatnaşmakda aýyplanyp, tussag edilenleriň ykbaly barada maglumat berilmegini talap edýär.

2012-nji ýylda düýbi tutulan bu halkara kampaniýasy tarapyndan düzülen türkmen türmelerinde dereksiz ýitendigi doly tassyklanan adamlaryň sanawynda 87 at görkezilýär.

XS
SM
MD
LG