Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda çilim ýene satylyp başlandy; welaýatlarda azyk gytçylygy dowam edýär


Türkmenistandaky çilim nobatlary.
Türkmenistandaky çilim nobatlary.

Aşgabatda 10 güne golaý arakesmeden soň käbir döwlete degişli dükanlarda çilim gaýtadan satuwa çykdy.

Ýatladyp geçsek, Täze ýyl baýramçylygyndan bir hepde çemesi ozal, “polisiýa işgärleriniň beýleki baýramçylyk çärelerine gözegçilik etmelidigi” aýdylyp, çilimiň satuwy doly ýatyrylypdy.

5-nji ýanwarda irden Aşgabat şäheriniň Mir-2/2 etrapçasyndaky 79-njy, Köşidäki 22-nji dükanlarda satuwa çykarylan çilimi satyn almak üçin azyndan 500 adamyň nobata durandygyny Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary aýdýarlar.

Aşgabatda ýaşaýan synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň sözüne görä, nobata duran her bir adam günde bir guty çilimi 19 manada satyn alyp bilýär.

Şol bir wagtyň özünde, nobatlara polisiýanyň hem-de ýörite gulluklaryň işgärleri gözegçilik edýärler. Üstesine-de, adamlaryň nobatlarda edýän hereketleriniň gizlin wideo-kameralar arkaly surata düşürilýändigi aýdylýar.

Ýeri gelende bellesek, döwlet dükanlarynda çilim çäkli möçberde satylyp başlanan mahaly, hususy eýeçilikdäki dükanlarda-da döwlet dükanlarynda satylýan çilimler peýda boldy. Bu dükanlarda olaryň bahasy ortaça 40 manada barabar. Bu çilimler döwlet dükanlarynda satylmaýan wagty bolsa, olaryň bahasy azyndan 70 manada çenli ýetýär.

Harytlar bar, emma alyjy az

Gepiň gerdişine görä bellesek, Täze ýyl baýramçylygynyň öňýanynda, Aşgabadyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda öň gyt haryda öwrülen şeker, ösümlik ýagy, towuk eti we ýumurtga ýaly azyk önümleriniň belli-belli görnüşleri ýeterlik mukdarda satuwa çykaryldy.

Muňa garamazdan, şu günler paýtagtyň bazarlarynda alyjylaryň azdygy aýdylýar. Munuň sebäbiniň bolsa bazarlardaky harytlaryň ýüzünde ýazylan nyrh bilen olaryň hakyky satuw bahasynyň düýbünden tapawutlydygy, şeýle-de, döwlet dükanlarynda adamlaryň şeker ýaly azyk harytlary satyn alanda, onuň ýany bilen hökmany ýene bir önümi satyn almalydygy bilen baglydygy aýdylýar.

“Bazarlarda satuwa çykarylan harytlaryň nyrhy 5 manat diýlip görkezilen bolsa, şony pesinden iki esse bahasyna, ýagny 10-12 manada satyn almaly. Döwlet eýeçiligindäki dükanlarda-da döwlet tarapyndan tassyklanan nyrhlarda satmaly edilen hem bolsa, muňa-da öz gapdalyndan girizilen goşmaçalar bar. Meselem, 1 kilo şeker alsaň, näçe wagt bäri ötmän duran, ýurduň öz içinde öndürilen, hil taýdan pes şerbet suwuny hökman satyn almaly. Şony satyn almasaň, şekeri ýa-da çigit ýagyny-da öz bahasyndan bermeýärler. Şeýlelikde, olaryň bahasam öz-özünden iki esse ýokarlanýar” diýip, synçy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

Ol ýurtda adamlaryň harytlary satyn almaga maliýe ýagdaýynyň ýetmeýändigini aýdyp, durmuşdaky real girdeji bilen durmuşyň özüniň, ýagny “bazar karzinasynyň” bahasynyň birek-biregine gabat gelmeýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Daşoguz: Dytçylyk we gymmatla dowam edýär

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmeleriniň berýän maglumatyna görä, adamlar Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda, gyt harytlaryň köpelmegine we beýleki azyk önümleriniň arzanlamagyna garaşan bolsa-da, häzirki wagtda o diýen üýtgeşme göze ilmeýär. Welaýatda käbir azyk harytlaryň gytçylygy we gymmatlamagy dowam edýär.

“Mysal üçin, Köneürgenç etrabynyň bazarlarynda 5 litrlik günebakar ýagy dekabr aýynyň ahyrynda 42 manada satylan bolsa, 4-nji ýanwarda 53 manatdan satyldy. Towuk ýumurtgasy geçen aýdaky bahasyndan, ýagny 1 manatdan satylýar. Towuk budy hem gelip ýetişmänkä gutarýar. Döwlet dükanlarynda 1 kilogramy 3 manat 20 teňňä durýan şeker häzirki wagtda satylmaýar. Hususy dükanlarda ol 6 manada durýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmesi habar berýär.

Aýdylmagyna görä, Köneürgenç etrabynyň döwlete degişli dükanlarynda ýokary hilli un hem tapdyrmaýar. Şol bir wagtda, hususy eýeçilikdäki dükanlarda bolsa, Gazagystandan getirilen bir halta un 185 manada durýar.

“Aşgabadyň birinji we ikinji sort unlary bar. Ýöne olaryň hili pes bolany üçin, hamyr tamdyrda eräp, akyp düşýär. Gazagystanyň ununy satyn almaga bolsa adamlaryň maliýe ýagdaýy ýetmeýär” diýip, öz adynyň efirde agzalmazlygyny haýyş eden daşoguzly 42 ýaşly zenan aýdýar.

Gyt harytlar satylýar, emma hili pes

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysynyň aýtmagynda görä, bu welaýatda-da gyt diýilýän harytlaryň aglabasy satylyp başlansa-da, olaryň käbirleriniň hili örän pes.

Mysal üçin, häzirki wagtda döwlet dükanlarynda “Ahal” ýaglary ýa-da günebakar ýaglary ýok, olaryň deregine guýma pagta ýagy satylýar. Bu ýaglary bolsa, adamlar nahar üçin ulanmazdan ozal gaýnadyp, köýdürmeli bolýarlar.

Şol bir wagtda, Lebabyň söwda nokatlarynda çilim hem satylmaýar. Gizlin ýollar bilen satylýan çilimiň bahasy bolsa, döwlet dükanlaryndaky nyrhdan azyndan iki esse gymmat. Şeker hem adam başyna 1 kilogram satylyp, onuň bahasy 4 manada barabar.

Türkmenabadyň döwlete degişli dükanlarynyň käbir işgärleri öý dolandyryş edarasyndan maşgala düzümi barada kepilnama getirseň, onda her aýda adam başyna 3 kilogram şekeriň satyljakdygyny aýdýarlar.

Sözümiziň ahyrynda aýtsak, türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtdaky käbir azyk harytlarynyň gytçylygy we gymmatlamagy barada ilat köpçüligine düşündiriş ýa-da maglumat bermän gelýärler.

XS
SM
MD
LG