Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Türkmennebitiň' işgärlerine aýlyk goşmaçalary tölenmeýär


Illýustrasiýa.
Illýustrasiýa.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabatdaky edarasynyň işgärleri saglyga howp salýan önümçilikde işleýändigi üçin, öz aýlyklaryna goşulýan goşmaçalaryň indi dört aý bäri tölenmeýändigini aýdýarlar.

Bu konserniň Balkanabatdaky Abatlaýyş we sazlaýyş müdirliginiň Kebşirleýjiler şahamçasynyň käbir işgärleriniň Azatlyk Radiosynyň çeşmelerine gürrüň bermegine görä, bu goşmaça töleg degişlilikde her bir işgäriň aýlygynyň 6%-ne barabar bolup, munuň bilen birlikde işgärlere her gün paýlanmaly süýt-gatyk önümleri hem berilmeýär.

Gürrüňi edilýän şahamçanyň käbir işgäri munuň sebäpleri bilen gyzyklanyp, özleriniň edaranyň Zähmet bölüminiň müdirine ýüz tutandyklaryny we aýlyklarynyň öňküsinden az, ýagny aýlyk haklaryna goşulýan goşmaçalaryň berilmeýändiginiň sebäplerini aýdyňlaşdyryp bermegi sorandyklaryny aýtdylar.

“Edaranyň Zähmet bölüminiň müdiri bize ‘konserniň kabul eden karary esasynda aýlygyň 6% möçberindäki goşmaçalar indi 2%-e getirildi’ diýdi. Ýöne biz ondan şol kararyň nusgasyny ýa-da göçürmesini görkezmegi haýyş edenimizde, ony görkezmekden ýüz öwürdi. Şeýle-de, biz aýlygymyza 2% möçberindäki goşmaçalaryň hem goşulmaýandygyny aýdyp, munuň sebäplerini soranymyzda, resmi muňa jogap bermekden saklandy” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran bu edaranyň işgäri aýtdy.

“Türkmennebitiň” resmisi tassyklady

Ýeri gelende bellesek, bu maglumaty “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabatdaky Abatlaýyş we sazlaýyş müdirliginiň Zähmet bölüminiň jogapkär resmisi hem tassyklady.

Bu bölümiň adynyň efirde agzalmazlygyny soran jogapkär resmisi Azatlyk Radiosyna 14-nji aprelde beren maglumatynda häzirki wagt tutuş “Türkmennebit” döwlet konserni boýunça “gaýtadan sanawyň geçirilýändigini we şol sanaw tamamlanýança goşmaçalaryň saklanylýandygyny” aýtdy.

Emma ol gürrüňi edilýän sanawyň haçan geçirilip gutarjakdygy we işçileriň goşmaça aýlyk tölegleriniň haçan beriljekdigi ýa-da berilmejekdigi barada anyk bir zat aýtmakdan saklandy.

Şol bir wagtyň özünde, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabatdaky Abatlaýyş we sazlaýyş müdirliginiň Kebşirleýjiler şahamçasynda işleýän käbir inženerler agzalýan müdirligiň başga-da azyndan 10 şahamçasynyň bardygyny we olarda işçileriň aýlygyna üstüne berilmeli 6% möçberindäki goşmaçalaryň berilýändigini aýdýarlar.

Iş orunlary ‘kemeldiler’

Mundanam başga, bu müdirligiň 8-nji aprelde geçiren ýygnagynda geljek aýlarda iş orunlarynyň kemeldiljekdigi we käbir işgärleriň işiniň doly stawkadan ýarym stawka geçiriljekdigi mälim edildi diýip, bu ýygnaga gatnaşan inženerleriň biri aýdýar.

Käbir inženerleriň we şahamçalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu ýygnakda müdirligiň ýolbaşçysy şahamçalaryň müdirlerine “bu çärä seresaply çemeleşmegi we işgärleriň maşgalasynda näçe adamyň işleýändigini öwrenmegi, şoňa görä işden çykarmagy ýa-da stawkasyny kemeltmegi” tabşyrypdyr.

Ýatladyp geçsek, geçen aýyň ahyrynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabatdaky Ýörite gurluşyk-gurnama trestiniň käbir işgäri Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp, öz işleýän pudaklarynda iş orunlarynyň gysgaldylmagyndan we käbir iş ýerleriniň ýarym stawka geçirilmeginden alada edýändiklerini aýdypdylar.

Aýlyklardan 15-20% ‘saklanar’

Şonda olar bu barada “Türkmennebit” döwlet konserniň ýokary derejeli resmileri tarapyndan özlerine anyk jogabyň berilmeýändigini, ýöne iş orunlarynyň gysgaldyljakdygy hakda bu edarada jogapkär wezipeleri eýeleýän dogan-garyndaşlarynyň aýdandygyny belläpdiler.

Mundanam başga, geçen aýyň ahyrynda Türkmenistanda şu ýylyň aprel aýyndan oktýabr aýy aralygynda, nebit-gaz pudagynyň işgärleriniň aýlyk haklaryndan 15-20%-iň saklanylyp alynjakdygy we munuň şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek “Aziada-2017” oýunlary üçin harçlanjakdygy aýdylypdy.

Indi iki ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanda nebit-gaz pudagyndaky işçileriň, spesialistleriň iş orunlarynyň kemeldilmegi ýa-da iş orunlarynyň doly stawkadan ýarym stawka geçirilmegi dowam edýär.

Türkmenistanyň bu pudagyndaky soňky özgerişlikler dünýäde energiýa serişdeleriniň bahasynyň ýiti derejede pese gaçmagynyň çäginde bolýar.

XS
SM
MD
LG