Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan, Gazagystan 'sebitde ilkinji bolup serhet meselesini çözdi'


Türkmen we gazak prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedow, Nursoltan Nazarbaýew duşuşyk mahalynda. TDH-nyň fotosuraty.
Türkmen we gazak prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedow, Nursoltan Nazarbaýew duşuşyk mahalynda. TDH-nyň fotosuraty.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew strategiki hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi we gazak lideri bu ylalaşygyň iki ýurduň arasyndaky serhet meseleleriniň ählisini çözjekdigini aýdýar.

Gürrüňi edilýän şertnama 18-nji aprelde, türkmen prezidentiniň Astana edýän iki günlük resmi saparynyň birinji gününde gol çekildi.

Nazarbaýew gol çekilen dokumentleriň esasan iki sanysyny - Strategiki hyzmatdaşlyk baradaky şertnamany we iki ýurduň arasyndaky döwlet serhetleriniň demarkasiýasy baradaky ylalaşygy aýratyn bellemek isleýändigini aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine görä, “Türkmen-gazak hyzmatdaşgynyň strateigi ugry energetika bolup durýar”. Ol bu sözüne delil edip, 2009-njy ýylda gurlan Türkmenistan-Hytaý geçirijisini mysal getirdi.

Şeýlelikde, aýdylmagyna görä, Gazagystan we Türkmenistan Merkezi Aziýada döwlet serhedine degişli ähli meseläni çözen ilkinji iki ýurt boldy.

Gazak metbugatynyň düşündirişine görä, bu ylalaşyk Türkmenistan bilen Gazagystanyň döwlet serhedi baradaky meseleleri kanun taýdan resmileşdirmegi tamamlandygyny aňladýar.

Nazarbaýewiň sözleri bilen aýdylanda, Türkmenistan bilen Gazagystan indi Merkezi Aziýada hiç bir serhet meselesi bolmadyk döwlet bolar.

Emma bu iki ýurduň serhetýaka regionlarynyň ilaty üçin goňşy ýurda gysga wagtlyk sapar etmegiň ýeňilleşdirilen düzgünleri barada mundan has öň yalalaşyk gazanylypdy. Ýöne Türkmenistan Gazagystan bilen serhedini wagtal-wagtal näbelli möhlete ýapýar we bu barada düşündiriş hem bermeýär.

Aýdaly, geçen ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistan Gazagystan bilen aradaky ýeňillikli wiza düzgünini wagtlaýyn ýatyrdy. Şonda Gazagystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Mangystau regionynyň resmisi Azatlyk Radiosyna telefon arkaly beren maglumatynda iki ýurduň arasyndaky ýeňillikli wiza düzgüniniň ilkinji gezek şeýle uzak wagtlap togtadylýandygyny aýdypdy. Emma gazak resmisi häzir gürrüňi edilýän serhet geçelgesiniň açykdygyny we bu düzgüniň hakykatdan hem işleýändigini aýdýar.

Ýöne ýerli synçylaryň käbiri bu iki ýurduň arasynda baglaşylan şertnamalaryň özara gatnaşyklara nähili itergi berjekdigini aýdardan entek irdigini belleýär.

“Türkmenistanyň alternatiw habarlary” proýektiniň baş redaktory Ruslan Mätiýew Astana bilen Aşgabadyň arasynda şunuň ýaly strategiki hyzmatdaşlyk şertnamasyna ilkinji gezek gol çekilýändigini belleýär. Şonuň bilen bir wagtda ol bu iki ýurduň arasynda mundan öň hem dürli şertnamalara we hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryna gol çekilendigini, emma olaryň köpüsiniň praktikada kagyz ýüzünde galýandygyny aýtdy.

Ruslan Mätiýew bu pikirine delil edip, Gazagystanyň Maňgistau oblasty bilen Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň arasynda serhetýaka regionlaryň ilatynyň serhetden ýeňillikli geçip bilmegi barada baglaşylan ylalaşygyň düzgünleriniň Türkmenistan tarapyndan ýygy-ýygy bozulýandygyny mysal getirýär.

Aýdylyşy ýaly, Türkmenistan 2016-njy ýylyň tomsunda hem Gazagystan bilen aralykdaky serhedi, “howpsuzlyk aladalaryna” salgylanyp, birnäçe gezek ýapdy. Şonda bu çäreler Gazagystanda şol ýylyň tomus aýlarynyň başynda polisiýa edarasyna terrorçylar tarapyndan edilendigi aýdylan hüjümiň yz ýanlaryna gabat geldi.

Ruslan Mätiýewiň pikirine görä, türkmen tarapynyň öz baglaşan ylalaşyklarynyň düzgünlerini bozmagy we bular barada resmi düşündiriş bermezligi Türkmenistanda uly-kiçi hemme meseläniň bir adam, prezident tarapyndan çözülmeginden uç alýar.

“Ýerlerdäki resmiler ol ýa-da beýleki mesele barada karara gelmekden çekinýärler, sebäbi olar, haýsydyr bir şertnamanyň ýa-da permanyň bardygyna garamazdan, eger özbaşdak hereket etseler, bu olara kanun taýdan rugsat berlen hem bolsa, bu ýokardaka ýaramasa, öz işlerini ýitirjekdiklerini gowy bilýärler” diýip, Mätiýew Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Ýokary derejeli türkmen-gazak gepleşiklerinde söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk komissiýasy baradaky ylalaşyga, iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2017-2018-nji ýyllardaky hyzmatdaşlyk programmasyna, bikanun ýol bilen gazanylan girdejileri kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy tagallalardaky hyzmatdaşlyk ylalaşygyna, gizlin maglumatlaryň özara goragy baradaky ylalaşyga we beýlekilere gol çekildi.

Mundanam başga, Astana gepleşiklerinde Türkmenistanyň TDH habar gullugy bilen Gazagystanyň “Kazinform” halkara habar gullugynyň arasyndaky jarnama gol çekildi we prezident Berdimuhamedow Gazagystanyň “Dostyk” ordeni bilen sylaglandy.

XS
SM
MD
LG