Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belli italiýan kompaniýasy “Aziada-2017-niň” dabaralaryny gurnar


Olimpiýa şäherjigi üçin azyndan 5 milliard dollar harçlandy.
Olimpiýa şäherjigi üçin azyndan 5 milliard dollar harçlandy.

Dünýä boýunça iri dabaraly çäreleri gurnaýan, belli Balich Worldwide Show kompaniýasy Aşgabatda geçmeli Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralaryny geçirer diýip, düýbi Milanda ýerleşýän kompaniýanyň halkara gatnaşyklar boýunça wekili Roberta Guaşçino Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Mediada kompaniýanyň direktory Marko Baliçiň: “Biz Aşgabat-2017 dabaralarynda öz tejribelerimizden peýdalanyp biljekdigimize begenýäris. Bu ýerdäki kompleks – ýokary standartlara gabat gelýän, gowy daşky-gurşawly, obýektli we tehnologiýaly ajaýyp binadyr” diýen sözleri hem getirilýär.

Şol bir wagtda bu kompleksi guran Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasynyň ýokardaky iki dabaranyň çykdajylaryny hem öz üstüne aljakdygy habar berilýär.

Bu aralykda, halkara, şol sanda Turin-2006, London-2012, Soçi-2014 we Rio-2016 Olimpiýa oýunlarynyň dabaralaryny-da gurnamaga gatnaşan Balich Worldwide Show kompaniýasyna Türkmenistandaky çäreleri üçin tölenjek maliýe serişdeleri barada, resmi derejede maglumat berilmeýär.

Her niçik-de bolsa, Gundogar.org websaýtynda 2011-nji ýylda Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy mynasybetli dabarany hem gurnan italiýan Kompaniýasyna 100-120 million dollar aralygynda hak tölenjekdigi barada tassyklanmadyk maglumat peýda boldy.

Emma Balich Worldwide Show kompaniýasynyň halkara gatnaşyklary boýunça wekili Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde, ýokarky maglumaty ret edip, bu barada nähilidir bir anyk sanlary bermekden saklandy. Türkmen resmileri bilen habarlaşmak synanyşyklary bolsa, hiç hili netije bermedi.

Şol bir wagtda, 17-nji sentýabrda başlanyp, 11 gün dowam etjek oýunlaryň planlaşdyryş we üpjünçilik operatory hökmünde bolsa, düýbi Britaniýada ýerleşýän Trivandi Chanzo Limited kompaniýasy bellenildi.

Ýeri gelende bellesek, bu Kompaniýanyň hyzmatlary üçin hem türkmen býujetinden näçe mukdarda pul serişdeleriniň goýberiljekdigi aýan edilmeýär. Umuman alnanda, bu oýunlaryň maliýe çykdajylary dogrusynda türkmen resmileri hiç maglumat bermän gelýärler.

Häzire çenli, elýeterli bolan maglumatlardan, Olimpiýa şäherjigi üçin azyndan 5 milliard dollaryň, şeýle-de oýunlara gabatlanyp açylan täze aeroport üçin 2,5 milliard çemesi dollaryň harçlanandygy mälim.

Mundan başga, paýtagty abadanlaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan giň gerimli rekonstruksiýa tagallalaryna, şeýle-de adamlaryň ýaşap oturan müňlerçe jaýyny ýumurmak işlerine çykarylýan pul serişdeleri barada-da resmi derejede hiç zat aýdylmaýar.

Munuň bilen birlikde, 64 sany milli Olimpiýa komitetinden 5500 türgeniň gatnaşjakdygy aýdylýan bu oýunlara “meýletin goltgy” hökmünde, türkmen telekeçileriniň girdejilerinden we býujet işgärleriniň aýlyklaryndan pul serişdeleriniň tutulyp galynýandygy barada hem dowamly maglumatlar gelip gowuşýar.

Türkmen häkimiýetleriniň “Aziada-2017” oýunlary bilen baglylykdaky alyp barýan köp çykdajyly çäreleri, gazyň bahasynyň peselmegi zerarly ýurduň çekýän ykdysady kynçylyklarynyň, aýlyklaryň gijikdirilmeginiň we harytlaryň gymmatlamagynyň fonunda geçýär.

Sözümiziň ahyrynda ýatlatsak, Aşgabadyň “Aziýa-2017” oýunlaryna taýýarlyk görýän pursady, adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Human Rights Watch” guramasy türkmen hökümetiniň azat sözi we adam mertebesini depelemegi Olimpiýa hartiýasynyň prinsiplerine doly ters gelýändigini, şeýle-de munuň Olimpiýa hereketiniň imidžine ýaramaz täsir ýetirip biljekdigini aýdyp, ýanwar aýynda ýörite beýanat ýaýratdy.

Gurama Halkara olimpiýa komitetiniň prezidentine we Aziýanyň Olimpik geňeşiniň we milli olimpiýa komitetleriniň assosiasiýasynyň prezidentine ýörite hat ýollap, onda Türkmenistandaky adam hukuklarynyň bozulmagynyň öňüni almaga, şol sanda Azatlyk Radiosynyň tussaglykdaky habarçysynyň azat edilmegine täsir etmäge çagyrypdy.

XS
SM
MD
LG