Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Hususy dermanhanalarda dermanlar gymmatlady


Aşgabatdaky dermanhanalaryň birinde nobata duran ýaşaýjylar.

Aşgabatdaky dermanhanalaryň birinde nobata duran ýaşaýjylar.

Aşgabadyň hususy dermanhanalarynda dermanlaryň bahasy gymmatlap başlady. Bu gymmatlama indi soňky bir aýa golaý wagt bäri has köp göze ilýär.

Mysal üçin, paýtagtyň “Ýüz fontan” atly seýilgähinde ýerleşýän hojalyk kärhanasyna degişli “Sabur” atly dermanhanada öň 83 manatdan satylýan “Ostalon” atly derman häzir 87 manada durýar.

“Serebralizin” dermany ozal 104 manat bolsa, indi 110 manatdan satylýar. “Mildronad” atly derman öň 59 manat bolsa, häzir 63 manada durýar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary şäheriň hususy dermanhanalarynyň tas ählisinde diýen ýaly dermanlaryň bahasynyň ýokarlanandygyny, emma onuň sebäpleri barada ne resmiler, ne-de dermanhana işgärleri tarapyndan maglumat alyp bolýandygyny aýdýarlar.

“Men munuň sebäbini dermanhananyň satyjysyndan soranymda, ol düşündiriş berjek hem bolmady. ‘Ozal başga bahady, häzir şu baha’ diýip, gysga jogap berdi” diýip, habarçymyz Soltan Açylowa aýdýar.

Ýeri gelende aýtsak, dermanlaryň gymmatlamagy ýurtda azyk gytçylygynyň emele gelen we käbir harytlaryň bahasynyň birnäçe esse ýokarlanan wagtyna gabat geldi. Indi üç aýa golaý wagt bäri Türkmenistanda şeker, ösümlik ýagy we un ýaly önümler ýeterlik derejede satylmaýar.

“Pes hilli ýa-da arzan bahaly”

Käbir paýtagtly näsaglar döwlet dermanhanalarynda öňden hem gymmat bahadan satylýan bu dermanlary ulanmak üçin, özlerinde ýeterlik serişde mümkinçiliginiň ýokdugyny aýdyp, onuň deregine käbir “pes hilli ýa-da arzan bahaly” dermanlardan peýdalanýandyklaryny belleýärler.

“Käbir ýürek agyryly adamlar gymmat “Mildronad” atly dermany satyn alyp bilmän, “Riboksin” ýaly arzan bahaly sanjymlary etdirmeli bolýandygyny aýdýarlar. Arzan bahaly dermanlaryň bolsa täsiriniň gaty pesdigini aýdýarlar. Üstesine Türkmenistanda öndürilýän dermanlaryň hiliniň pesdigini hem aýdylýar” diýip, Aşgabatdaky habarçymyz näsaglara salgylanyp gürrüň berýär.

Galyberse-de, dermanlaryň gymmatlamagy bilen bir hatarda, Aşgabadyň döwlete degişli dermanhanalarynyň aglabasynda, Saglyk öýlerinde berilýän Saglyk ätiýaçlyk pasportyna girýän käbir dermanlaryň doly diýen ýaly satylmaýandygy aýdylýar.

“Saglyk ätiýaçlyk pasportyna girýän käbir dermanlary tapmak has-da kynlaşýar. Käbir dermanlar gymmat bahasyndan hem tapdyrmaýar. Men “Predizin” diýen dermany gözläp, şäheriň ähli dermanhanalaryna diýen ýaly aýlanyp çykdym. Ýöne olaryň hiç birinde şol derman ýok. Saglyk öýlerinde şol dermany ulanmaly diýip ýazyp berýärler, ýöne döwlet dermanhanalarynda tapdyrmaýar. Onsoň hususy dermanhanalardan satyn almaly bolýarys” diýip, aşgabatly 54 ýaşyndaky näsag Miwegül daýza (howpsuzlyk ýagdaýy sebäpli ady üýtgedildi) gürrüň berýär.

Wagtynda saglyk bejergisini alyp bilmeýärler

Dermanlaryň bahasynyň ýokarlanmagynyň we olaryň käbirleriniň düýbünden satylmazlygynyň näsaglaryň saglyk bejergisine ýaramaz täsir ýetirýändigini we olaryň talabalaýyk, öz wagtynda bejergi almaklaryna hem böwet bolýandygyny näsaglar aýdýarlar.

“Ýakynda goňşymyzyň ogluny keselhana ýerleşdirdiler. Şol oglanyň ejesi ogluna gerek dermanyň wagtynda tapylmandygyny, şol sebäpli onuň saglyk ýagdaýynyň agyrlaşandygyny gürrüň berdi” diýip, Miwegül daýza aýdýar.

Türkmenistan Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasyna 1992-nji ýylyň 2-nji iýulynda agza bolupdy. Şondan soň, bu gurama bilen Türkmenistanyň hökümetiniň gol goýan resminamasyna laýyklykda, her 2 ýyldan “Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda 2 ýyllyk ylalaşyk” baglaşyldy.

Sözümiziň ahyrynda aýtsak, dermanlaryň bahasynyň ýokarlanmagy, olaryň käbirleriniň düýbünden satylmazlygy we onuň sebäpleri barada Azatlyk Radiosyna degişli türkmen resmilerinden komentariý almak başartmady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG