Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda çilim gytçylygy has-da güýçlenýär


Hususy dükanlarda çilim gizlin ýagdaýda, diňe özara tanyş-bilişlere satylýar.
Hususy dükanlarda çilim gizlin ýagdaýda, diňe özara tanyş-bilişlere satylýar.

Şu günler Lebap welaýatynda çilim gytçylygy ýiti duýulýar. Hökümet dükanlarynda soňky gezek çilim satylany bäri eýýam bir aýdan gowrak wagt geçdi we şondan bäri hiç hili temmäki önümleri satylmaýar. Öňki hökümet dükanlarynda satylan temmäki önümleriň çilim görnüşlerini hususy dükanlardan tapsa bolýar. Emma hususy dükanlarda hem çilim gizlin ýagdaýda, diňe özara tanyş-bilişlere satylýar.

Dükanlardaky gizlin satylýan her çilimiň biri 4 manatdan. Gutulaýyn almak bolsa her kime başartmaýar, sebäbi elde çilimiň bir gutusynyň bahasy 80 manat töweregine durýar. Bu bolsa döwlet dükanlaryndaky bahasyndan dört esse gymmat bolýar.

Ýeri gelende aýtsak, döwlet dükanlarynda bir guty çilimiň bahasy gymmatlan görnüşinde 19 manatdan satylýardy we adam başyna bir gutudan berilýärdi. Bu ýagdaý çilimkeşleriň jübüsine ýaramaz täsir ýetirýär. Sebäbi olar gazanjynyň ep-eslisini çilime bermeli bolýarlar.

“Men günde azyndan ýarym guty çekýärin. Taşlajak bolýan, taşlap bilemok. Aladam köp bolsa bir guty hem çekýärin, şonda azyndan günüme 40 manady çilime berýärin” diýip, 40 ýaşlaryndaky türkmenabatly ildeşimiz Ahmet aýdýar.

Çilim gymmatlamagy sebäpli, käbir adamlar orta pul goşup, “bir çekerlik” çilim alyp çekýärler. Hususy dükanlarda satylýan çilimi diňe hemişeki müşderiler alyp bilýär. Nätanyş adamlar çilim sorap gelseler, olar çilimiň satylmaýandygyny aýdýarlar. Soňky wagtlarda barlag üstüne barlag gelip, söwdagärler gorkudan şeýle edýärler.

“Häzirki wagtda çilimde tutsalar jerimesi örän ýokary. Azyndan 5000 manat jerime töledýärler. Şonuň üçin men çilim satmagy goýdum” diýip, bir hususy dükanyň eýesi, 35 ýaşlaryndaky Atajan aýdýar.

Çilimiň gytçylygy sebäpli häzirki wagtda Lebap welaýatynda mahorka diýilýän gara temmäki satýarlar. Emma çilim çekýänleriň sözünden çen tutsaň, onda ol mahorka başga ösümlikleriň goşundylary bilen garylyp satylýandygyny aýdýarlar.

“Mahorka diýip satylýan zatlar arassa temmäki däl. Ony çekeniňde demgysma başlaýar, şol sebäpden çilim gymmat hem bolsa saglygyňa zyýany azrak bolany üçin çilim alyp çekýärin” diýip, 50 ýaşlaryndaky türkmenabatly ildeşimiz Myrat aýdýar.

Çilimiň söwdasy baradaky ygtyýar şu ýylyň ortalaryna dolulygyna hökümete degişli dükanlara berildi. Emma halkyň çilime bolan islegini hökümet doly kanagatlandyryp bilmeýär. Şol sebäpden hem çilimiň gara bazary emele geldi we çilimiň hususy eýeçilikdäki dükanlaryna bolan gözegçilik önküsinden ýokarlandy.

Bu ýagdaý hususan-da mundan bir aý ozal, ýagny 2-nji noýabrda prezident G. Berdimuhamedowyň çilim spekulýantlaryny, ýagny alyp-satarlary ýok etmek talabyndan soňra başlanandygyna üns çekilýär. Şeýle-de, Dünýä saglyk guramasynyň hasabatynda, Türkmenistanda çilim çekýänleriň sanynyň 8%-digi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG