Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: 'Arakhorlar' zor bilen 'bejerilýär'


Türkmenistan
Türkmenistan

Türkmenistanda raýatlary arakhorlyk we dilegçilik sebäpli saklamak we tussag etmek üçin, kanun esasyndaky jezalar güýçlendirildi.

21-nji oktýabrda güýje giren Arakkeşlikden, neşebentlikden ejir çekýän, güýçlendiriji psihiki serişdelere garaşly adamlary bejermek bilen bagly görülýän çäreler hakyndaky kanuna girizilen düzedişler, hususan-da, karar çykarýan kazylaryň ygtyýarlygyny artdyrýar, raýatlaryň özlerini goramak tertibi bolsa çylşyrymlaşdyrylýar. Kanuna laýyklykda, raýatlar 3 aýdan bir ýyla çenli mejbury bejeriş çäresine iberilip bilinýär.

Munuň bilen bir wagtda Türkmenistanyň Administratiw kodeksine hem girizilen düzedişlere we goşmaçalara laýyklykda, dilegçilikde we gedaýçylykda güman edilýänler 24 sagat we 15 gije-gündiz aralygyndaky möhletde kanuny esasda tussag astynda saklanyp bilýärler.

Ýerli synçylar täze resmi düzgünleriň Türkmenistanda kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň raýatlar babatyndaky eden-etdilikli hereketlerini kanunlaşdyryp, olaryň ygtyýarlygyny güýçlendirmeginden howatyrlanma bildirýärler, sebäbi iş ýüzünde bejeriş çäreleriň köplenç jezalandyryjy häsiýete eýe bolýandygyny aýdýarlar.

'Jeza guraly'

Azatlyk Radiosynyň aşgabatly çeşmeleri arakhorluk, neşekeşlik sebäpli tussag edilýän we “mejbury bejergä” iberilýän raýatlaryň arasynda şeýle işlere baş goşmaýan raýatlaryň, hatda ýalňyz garrylaryň we çagaly ýeke aýallaryň hem bardygyny habar berýärler.

Käbir maglumatlara görä, ýerli kanun goraýjy işgärler raýatlary gorkuzmak, ar almak ýa-da olaryň emlägini, jaýyny elinden almak üçin, agzalan kanunlary “jeza guraly” hökmünde ulanýarlar.

“Adamlaryň jaýlaryny elinden almak üçin, olary mejbury bejerişe iberýärler. Jaý eýeleri başda “bejergi” üçin iberilýär, soňra asla ýitirim edilýär, olaryň jaýlarynda bolsa kanun goraýjy edaralaryň işgärleri ýaşap başlaýarlar” diýip, aşgabatly Nargiz Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi (zenanyň hakyky ady howpsuzlyk sebäpli üýtgedildi).

Resmi düzgünlere laýyklykda ýurt raýatlarynyň, hususan-da, arakhorluk edýändigi hakyndaky karary kanuny goraýjy edaralar saglygy saklaýyş edaralar bilen bilekde çykarmaly.

Ýöne bu düzgüniň iş ýüzünde berjaý edilmeýändigi barada dürli maglumatlar gowuşýar.

“Kanuny goraýjy edaralaryň, polisiýanyň uçastok inspektorynyň sözi bilen adamy arakhor diýip kesgitläp, ony düzediş jaýlaryna iberip bilýärler. Bu ýerde adamyň belli bir derejede hukugy hem onuň şahsyýetiniň goragy bozulýar” diýip türkmenistanly synçy Amanmyrat Bugaýew belleýär.

Tussaghanada

Türkmenistanly Nargiz şu günki gün paýtagtda iň rehimsiz polisiýa wekilleriniň arasynda dördünji mikroraýonuň ýerli polisiýa işgärleriniň tapawutlanýandygyny aýdyp, şeýle gürrüň berýär: “Başda ele salnanlary polisiýa organlary jemleýji nokatlarda ýa-da polisiýa bölüminde toplaýarlar. Bu ýerde ýaş zenanlary ýalaňaçlap, işgärleriň gözüniň öňünde olary bökmäge, oturyp-turmaga mejbur etdirýärler. Soňra Arzuw atly saýlap-seçiş ýerine eltýärler. Bu ýerde hakyky dowzah başlanýar, adamlar urlup-ýenjilýär, zorlanýar. Olara hem ruhy, hem-de fiziki taýdan zor görkezilýär. Bu ýere il içinde ‘presshata’ diýilýär, ýagny bu ýerde, adamlara zorluk görkezip, üsti açylman galýan jenaýatlary boýun aldyrýarlar”.

Nargiziň sözlerine görä, agzalan tussaghanada bendiler hapaçylykda we açlykda saklanýar: “Bu ýerde adamlar tapçanlarda ýa-da ýerde ýatmaly bolýarlar. Ýorgan-düşek bolmasa-da bit, büre köp. Pula garyndaşlar bilen habarlaşmaga mümkinçilik berýärler”.

Bu ýere düşen käbir aýallaryň “bejeriş” üçin Daşoguzyň zähmet-bejeriş hassahanasyna iberilýändigini Nargiz gürrüň berýär: “Ýeke eneleriň çagalaryny elinden alyp, ýörite priýomnige ýerleşdirýärler. Çaglar ol ýerde urlup-ýenjilmelere sezewar bolýarlar. Käte “bejergiden geçen” enelere çagalaryny dessine gaýdyp bermeýärler. Daşoguzda ölüm derejesi örän ýokary. Wagty öten dermanlar, zorluk we açlyk muňa sebäp bolýar, emma ‘ýürekde kemçilik bar’ diýlip, resmi sebäp görkezýärler”.

Emma Daşoguzdaky zähmet-bejeriş hassahanasyndan has aýylganç ýeriň Tejendäki zähmet-bejeriş hassahanadygy aýdylýar.

“Bagtymyza bu ýere aýallary ibermeýärler. Emma erkekler üçin şol ýere iberilmek ölüme gitmek bilen deň hasaplanýar, Tejene iberiljegini bilen adamlaryň öz janyna kast eden pursatlary hem bolýar” diýip, türkmenistanly Nargiz Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Aşgabadyň agzalan polisiýa bölüminden, ýurduň kanuny goraýjy edaralaryndan, şeýle hem zähmet-bejeriş hassahanalaryndan maglumat alyp bolmady.

Arakhorluga, neşekeşlige baş goşmakda güman edilen adamlary mejbury bejergä ibermek üçin käte garyndaşlarynyň ýa-da nätanyş şaýatlaryň görkezmeleriniň ulanylmagy bilen bagly ýagdaýlaryň seýrek däldigini türkmenistanlylar gürrüň berýärler.

'Arassalaýyş' çäresi

Bu kanun üýtgetmeleriň Türkmenistanyň garaşsyzlygyň 25 ýyllygynyň öňýanynda güýje girmegi adatça uly baýramçylyklaryň öňýanynda ýüze çykýan “arassalaýyş” çäreleriniň nobatdaky tapgyryna gabat geldi.

Garaşsyz çeşmeler we ýerli synçylar güýç edaralarynyň paýtagty “islenilmeýän adamlardan” arassalamak işleriniň çäginde, Aşgabatda resmi hasaba alynmadyklary, agşam sagat dokuzdan soň köçede bolan raýatlary saklandygy, şeýle-de öňden hasaba alnan neşekeşleriň we arakhorlaryň mejbury ýagdaýda welaýatlara ugradylandygyny habar beripdi.

Türkmenistanda arakhorlaryň, neşekeşleriň sany boýunça resmi maglumat elýeterli däl.

Türkmenistanyň Administratiw kodeksi ýurduň iň köp düzedişleriň we goşmaçalaryň girizilýän kanundyr, oňa ýylda azyndan bir gezek üýtgetme girizilýär.

XS
SM
MD
LG