Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Aşgabatda döwletiň hödürleýän telekanallary ‘kada laýyk işlemeýär’


Aşgabatda döwletiň hödürleýän telekanallary ‘kadalaýyk işlemeýär’

Aşgabatda döwletiň hödürleýän telekanallary ‘kadalaýyk işlemeýär’

Soňky günlerde Aşgabatda “TürkmenTelekom” tarapyndan hödürlenýän kabel liniýalar arkaly işleýän telekanallaryň ençemesine talabalaýyk tomaşa edip bolmaýandygy habar berilýär.

Mälim bolşy ýaly, soňky üç ýylyň dowamynda paýtagt Aşgabatdaky çanak antennalaryň tas ählisi diýen ýaly söküldi. Munuň netijesinde, häzirki wagt adamlar diňe Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki kompaniýalaryň hödürleýän kabel liniýalary arkaly ýerli we daşary ýurt telekanallara tomaşa edip bilýärler.

Azatlyk Radiosy paýtagtlylaryň telekanallara tomaşa etmekde ýüzbe-ýüz bolýan soňky bökdençlikleri barada gürrüň bermegi sorap, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýewe ýüzlendi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG