Sepleriň elýeterliligi

Azatlyga interwýu beren raýat 15 gün tussaglykda saklandy


Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Azatlyk daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Dünýägözel Jumagulyýewa.

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Azatlyk daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Dünýägözel Jumagulyýewa.

Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy Dünýägözel Jumagulyýewa Azatlyk Radiosyna wideo interwýu berenden soň, türkmen häkimiýetleri tarapyndan 15 gün türme tussaglygynda saklanandygyny aýdýar.

Türkmenistanyň gündogar welaýatynyň Saýat etrabynyň Azatlyk daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy D. Jumagulyýewa mundan birnäçe aý ozal, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowa jaň edip, oňa özüniň köp ýyllardan bäri işsizdigi we zähmet biržasynda nobata dursa-da, nobatyna seredilmeýändigi, şeýle-de edara-kärhanalardaky boşan iş orunlaryna diňe para beren adamlaryň işe alynýandygy barada interwýu bermek isleýändigini aýdýar.

Ol ýörite Lebapdan Aşgabada gelip, Soltan Açylowa interwýu berjek mahaly, oňa Azatlyk daýhan birleşiginiň başlygy we Saýat etrabynyň polisiýa işgärleri jaň edýärler we “sen nirede?” diýip soraýarlar.

Jumagulyýewa özüniň Aşgabada gaýdandygyny aýdanda, oňa “Soltan Açylowanyň ýanyna barma-da yzyňa gaýt. Biz seniň işiňi bitireris” diýýärler. Soňra ol resmiler tarapyndan öz işiniň çözüljekdigine umyt edip, interwýu bermän yzyna – Lebap welaýatyna dolanýar we çagalar bagynda göwrelilik rugsadyna çykan biriniň ýerine işe başlaýar.

“Pulumy bermän, gaçyp ýör”

Dört aýdan soň, göwrelilik rugsadyna çykan işgär yzyna gelýär we D. Jumagulyýewa işden çykarylýar. Şondan soň ol ýene işe ýerleşip bilmän, Azatlyk Radiosynda çykyş etmek üçin, gaýtadan Aşgabada gelýär. Ol Soltan Açylowa wideo interwýu berip, Türkmenabada dolanýar.

Ýeri gelende bellesek, Dünýägözel Jumagulyýewanyň Soltan Açylowa beren şol wideo interwýusy, onuň öz razylygy esasynda 18-nji noýabrda Azatlyk Radiosynyň websaýtynda çap edildi.

Jumagulyýewa Türkmenabatdan öz obasyna gitmek üçin awtoduralga baranda, öz ýanyna iki aýalyň gelendigini we olaryň biriniň Jumagulyýewany görkezip, “Ynha, şu aýal menden Dünýä bazary bar wagty 5 millionlyk haryt alyp gitdi we henizem puluny bermän gaçyp ýör” diýendigini aýdýar.

Jumagulyýewa Azatlyk Radiosynyň habarçysy Açylowa şol aýallaryň biriniň häkimligiň işgäridigini we beýlekisini bolsa tanamaýandygyny gürrüň berdi.

“Men siz ýalňyşýan bolaýmaň, men hiç kimden karzyna zat alamok. Siz meni başga biri bilen bulaşdyrýansyňyz diýdim. Onda aýal “Ýok, men bulaşdyramok. Men häzir polisiýany çagyrjak” diýip, polisiýany gözläp başlady we polisiýa şol bada ýanymyzda peýda boldy” diýip, Jumagulyýewa aýdýar.

Şondan soň ol: “Men nirä gitmeli bolsa gidäýerin. Men hiç kimden karzyna pul alyp, gaçyp ýöremok” diýýär. Ony polisiýanyň bölümine alyp gidýärler.

“Indi şol ýere gitseň, birnäçe ýyllyk basarys”

Jumagulyýewanyň sözlerine görä, ol polisiýanyň bölümine baranda, ondan birinden pul karz alandygy baradaky öňe sürmeler soralman, oňa derek “Sen näme üçin Aşgabada gitdiň? Kimiň ýanyna gitdiň? Çykyş etdiňmi?” diýen sowallar berilýär.

Şondan soň, Jumagulyýewa 15 gije-gündizläp polisiýa bölüminiň ýerzemininde saklanýar we 13 gün diýlende onuň ýanyna Milli Howpsuzlyk gullugynyň (KNB) işgäri diýip tanadan bir adam gelýär.

Ol adam Jumagulyýewa “Aşgabada näme üçin gitdiň? Nähili ýazgy etdirdiň? Indi şol ýere gitseň, düýpli basarys, birnäçe ýyllyk basarys” diýip gorkuzýar. Şondan soň, polisiýanyň işgärleri onuň barmak yzyny alyp, oňa birnäçe düşündiriş ýazdyrýarlar we ony 15 gün diýlende azatlyga goýberýärler.

Jumagulyýewa öýüne gelenden soň, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa bilen telefon arkaly habarlaşyp, öz başdan geçirenlerini gürrüň berdi we özüniň beren wideo interwýusynyň efire goýberilmegini sorady.

Ýeri gelende bellesek, Jumagulyýewanyň başdan geçirenleri barada Azatlyk Radiosyna degişli türkmen resmilerinden komentariý almak başartmady.

“Türkmenistanlylara garşy edilýän basyşlaryň iň soňkusy”

Soltan Açylowa Jumagulyýewanyň başdan geçirenleri türkmen häkimiýetleri tarapyndan Azatlyk Radiosyna interwýu bermek isleýän türkmenistanlylara garşy edilýän basyşlaryň iň soňkularyndan biri diýip, şuňa meňzeş wakalaryň mundan ozal hem bolandygyny belleýär.

“Ilaty Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen duşuşdyrmajak bolup, olara özüniň arzy-halyny aýtdyrmajak bolup, ilaty gorkuzýarlar. Eden-etdilikden gaýtman, hiç hili günäsiz adamy türmä basmak, 15 gije-gündizläp tussaglykda saklamak derejesine baryp ýetýärler. Ynha, Türkmenistanda dörän ýagdaýlaryň biriniň pidasy Dünýägözel Jumagylyýewa bolup durýar” diýip, Soltan Açylowa aýtdy.

Şu ýylyň mart aýynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň Ýeňiş daýhan birleşiginden özüni Agajuma diýip tanadan raýat Azatlyk Radiosyna interwýu berenden soň, öz üstüne oba ýaşulularynyň maslahat-töwella bilen gelendigini we öz çykyşlaryny bes etmegi sorandygyny gürrüň beripdi.

Soltan Açylowa basyş edilipdi

Ýatladyp geçsek, soňky bir aýyň dowamynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa hem iki gezek hüjüme sezewar boldy.

Olaryň birinjisi geçen aýyň ahyrynda Aşgabatda bolup, şonda Açylowa öz žurnalistlik işini berjaý edýän mahaly, polisiýa tarapyndan soraga çekilip, nämälim adamlar tarapyndan onuň kamerasy talanypdy.

Şeýle-de, şu aýyň başynda Açylowa Türkmenistanyň Arçman şypahanasynda bejergi alýan mahaly, hüjüme sezewar edilipdi we ondan şypahanany terk etmeklik soralypdy.

21-nji noýabrda “Serhetsiz Reportýorlar” (Reporters Without Borders) guramasy ýörite beýanat ýaýradyp, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa garşy edilýän yzygiderli hüjümleri we kemsidiji hereketleri ýazgardy.

Şu aýyň başynda “Human Rights Watch” guramasy hem ýörite beýanat ýaýradyp, onda Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça başlygynyň orunbasary Rachel Denber “Açylowanyň agyr başdan geçirenleri [ýurtdaky] tankydy dymdyrmak üçin edilen ýene bir synanyşyk” diýdi.

Türkmenistan “Serhetsiz Reportýorlar” guramasynyň dünýäde metbugat azatlygynyň derejesi boýunça ýaýradýan ýyllyk hasabatlarynda indi ençeme ýyl bäri iň ýaramaz görkezijileriň birine eýe bolup, ol 180 döwletiň arasynda 178-nji orunda ýerleşdirilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG