Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan we bitaraplyk duzagy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Eýranyň prezidenti Hassan Rohani.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Eýranyň prezidenti Hassan Rohani.

Türkmen hökümeti özüniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan bitaraplyk statusy ykrar edilen ýurtdygyny indi ýigrimi ýyldan gowrak bäri buýsanç bilen jar edip gelýär. Aşgabadyň “oňyn bitaraplyk” syýasaty 2016-njy ýylyň sentýabryndan bäri ýurduň baş kanunynyň bir bölegi bolup durýar.

Ýöne bu syýasat Türkmenistan üçin hemişe oňaýly däl. Goňşy Eýran bilen häzir gaz barada barýan oňuşmazlyk munuň bir mysaly bolmagy mümkin.

Haýsy ýurduň aýdýanyna ynanyşyňa baglylykda – Türkmenistan Eýrana berýan gazyny düýpli azaltdy ýa-da bütinleý kesdi.

Dörän problemany bu ýurtlaryň her biri özüçe suratlandyrýar. Men bu barada soňra durup geçerin. Ol bu makalada o diýen möhüm mesele-de däl.

Makalada üns merkezinde durýan bularyň ýagdaýyň özlerine degişli tarapyny kimlere düşündirjek bolýandygy. Türkmenistan barada aýdanyň-da bolsa, bular garaňkylykda saklanýar.

Ilki bilen zerur esasy maglumatlar.

1990-njy ýyllaryň başlarynda girizilen bitaraplyk syýasatynyň arhitektory garaşsyzlykdan soňra Türkmenistanyň ilkinji prezidenti bolan Saparmyrat Nyýazowdy. Bu syýasatyň hiç haçan doly açyk beýan edilen mahaly ýok, ol şu güne çenli gümürtiklikde galýar. Ýöne bu syýasat, esasan, beýlekileriň konfliktinde Türkmenistan hiç bir tarapy goldamaz, köp milletli ykdysady guramalardan başga, hiç bir ýaranlyga goşulmaz, ýöne araçylyk eder ýa-da agzala taraplara duşuşyp, problemalaryny çözmek üçin öz territoriýasyndan peýdalanmaga mümkinçilik berer diýildigi.

Aslynda bu syýasatyň bir peýdasy hemmeler bilen oňat gatnaşykda bolmak, galyberse-de hiç bir tarapyň Türkmenistandan ynjamagyna ýa oňa gaharlanmagyna hiç bir esas bolmaz, diýmek, bitaraplyk ýurt üçin bir galkan.

Türkmen hökümetiniň öz halkyna ýigrimi ýyldan bäri aýdyp gelýäni, ine, şu.

Indi Türkmenistan bilen Eýran arasyndaky häzirki dawa barada.

'Ýokarylandyrylan' bahalar

Eýranyň dürli habar gulluklary, şol sanda “IRNA”, “ISNA”, “Fars”, “Şana” we “Press TV” dekabar aýynyň aýaklaryndan beýläk hökümet resmilerine, şeýle hem Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň (EMGK) dürli wekillerine salgylanyp, Türkmenistan bilen dörän problemany halka düşündirmäge başladylar.

Bu resmileriň ýagdaýy suratlandyryşyna görä, Türkmenistan Aşgabadyň demirgazyk Eýranda bolan sowuk gyşdan peýdalanyp, gaz üçin öňki bahanyň dokuz essesini soran döwri bolan 2007-nji we 2008-nji ýyllarda berlen gaz üçin töleg talap edýär. Türkmenistanyň häzir talap edýän bahasy nädogry we aşa ýokary.

Täze ýylyň öňýanynda, Eýranyň habar gulluklary soňky salymda ylalaşyga gelnendigini, gazyň indi kesilmejekdigini, bäş ýyl möhlet bilen şertnama baglaşylandygyny we bergi meselesiniň geljek aýlarda gürleşilip çözüljekdigini habar berdiler.

Ondan birnäçe sagat soňra bolsa, Eýran mediasynda Türkmenistanyň ýurda berýän gazyny “birden” kesendigi habar berildi.

Eýranyň habar gullugy “Tasnim” ýurduň milli gaz kompaniýasynyň metbugat wekili Mejid Bujarzade bilen söhbetdeş bolanda ol Türkmenistan “wadasyndan dändi”, berýan gazyny kesdi, türkmen resmileri “täze ýyl baýramçylygyna gidipdir”, olary tapyp bolanok diýdi.

'Ygtybarsyz ýaran'

Eýran mediasynda berilýän habarlarda hem Bujarzadäniň yzyna eýerilip, resmileriň Türkmenistany “ygtybarsyz ýaran” diýip atlandyrandygy aýdylýar, tutuş ýagdaýa Aşgabat jogapkär edilýär.

Türkmenistan muňa dessine jogap bermän, 3-nji ýanwarda ýurduň Daşary işler ministrligi özüniň websaýtynda bir beýannama ýerleşdirip, Eýran mediasynyň aýdýanlaryny nädogry diýip atlandyryp, Eýranyň milli gaz kompaniýasy bergilerini tölemek üçin 2013-nji ýyldan bäri ýeterlik iş edenok diýdi.

Ministrlik şeýle hem “oňaýsyz ýagdaý... we türkmen tebigy gazynyň kesilmeginiň mümkindigi hakda 2016-njy ýylyň dowamynda Eýran tarapyna resmi taýdan öwran-öwran habar edildi” diýip ýazdy. Beýannamada Aşgabat gaz üpjünçiligini durzanok, ýöne ony “çäklendirmäge” mejbur boldy diýilýär, ýöne Eýranyň bergisiniň näçedigi agzalanok.

EMGK tarapyndan şol gün berlen jogapda Türkmenistan gaz ylalaşygynyň kadalaryny “häli-şindi diýen ýaly” bozup geldi, ýöne Eýran muňa garamazdan, töleg “öwezini doldy” diýilýär. Eýranyň milli gaz kompaniýasy meseläni halkara arbitraž suduna berjekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň daşary işler ministrligi 4-nji ýanwarda ýene bir gezek jogap berip, käbir zatlaryň üstüni açmak bilen adamlary geň galdyrdy. Ministrligiň bellemegine görä, Eýran “al ýa-da töle” şertnamasyna gol çekipdir, EMGK “birnäçe ýyllaryň dowamynda şertlendirilen gazyň esli möçberiniň alynmagyny” üpjün etmändir we “şol bir wagtda, kompaniýa türkmen tarapyna hiç hili maliýe öwez töleglerini” tölemändir.

Diýmek, Türkmenistan Eýrandan onuň hiç haçan almadyk, ýöne almagy şertlendirilen, ýagny almaly edilen gazyň bahasynyň tölenmegini talap edýär.

Tähranyň Türkmenistan bilen dawa baradaky wersiýasy Eýranyň döwlet mediasy tarapyndan ýaýradylyp, halka ýetirilýär.

Ýöne “bitarap” Türkmenistanyň hökümeti bu zatlary öz halkyna aýdyp bilenok. Sebäbi bular ýaly zatlary aýtmak ýurduň oňyn bitaraplyk filosofiýasyna ters gelýär. Türkmenistanyň döwlet mediasy (ýurtda başga media ýok) Eýran bilen bolan problemany agzanok. Daşary işler ministrliginiň resmi websaýtynda ýerleşdirilen beýannamany hem türkmen raýatlarynyň görmek ähtimallygy o diýen ýokary däl. Olaryň internete elýeterliligi çäkli, bu mümkinçilik bolaýanda-da, olaryň muny hökümetiň websaýtlaryny barlamak üçin ulanmagy ähtimal däl.

Gapasada

Türkmen häkimiýetleri ýurduň ilatyna ýigrimi ýyl bäri bitaraplygyň hemmeleri özlerine dost etjekdigini aýdyp gelýärler. Onsoň türkmen mediasy tarapyndan 1990-njy ýyllardan bäri taryplanyp gelinýän goňşy we partnýor ýurt bilen bolan agzalalygy açyk boýun alyp, halka düşündirmek kyn.

Türkmen häkimiýetleri özlerini gapasa gabadylar. Bitaraplygyň duşmançylykdan saklanmaga getirmegi mümkin. Ýöne ol Türkmenistanyň özüniň çolaşan problemalaryny çözüp bilenok.

Bu ilkinji mysal-da däl. Bitaraplyk 2008-nji we 2009-njy ýyllarda Orsýet bilen bolan gaz dawasyny-da çözüp bilmedi. Bu gün Orsýet Türkmenistandan gaz satyn alanok.

Bitaraplyk demirgazyk Owganystan bilen aralykdaky serhetde dörän howpsuzlyk problemalarynyň Türkmenistandaky ýagdaýa täsir etmeginiň-de öňüni alyp bilmedi. Munuň bir mysaly harby güýji ýokarlandyryp, döwletiň ummasyz puluny täze abzallara sarp etmäge bolan zeruriýetidir.

Ýöne bitaraplyk hökümetiň Türkmenistan bilen baglanyşykly ýaramaz habarlary halka aýtmazlygyna mümkinçilik berýär. Munuň iň soňky mysaly Eýran bilen bolan ýagdaýdyr.

Eýran mediasy ýagdaýy ýeňletmek üçin energiýanyň ýurduň demirgazyk-gündogaryna geçirilýändigini aýtdylar. Käbir resmiler munuň türkmen gazynyň togtamagy netijesinde dörän ýitgini dolduryp biljekdigini ileri sürdüler. Bu mesele Eýranyň demirgazyk-gündogar regionlaryny içki energiýa çeşmeleri bilen üpjün edip, türkmen gazyna garaşlylykdan dynmak üçin alnyp barylýan proýektlere täze itergi boldy.

Türkmen gazynyň diňe iki sany müşderisi bar. Bularyň biri Eýran, beýlekisi Hytaý.

Türkmenistan müşderisi Eýrany ýitiren bolmagy mümkin, ýöne muny bitaraplyk bilen düşündirip bolanok. Şol sebäpden türkmen hökümeti muny öz halkyna aýdyp bilenok.

XS
SM
MD
LG