Sepleriň elýeterliligi

Azatlykda çykyş edýänlere garşy basyşlar güýçlenýär


Illýustrasiýa.

Illýustrasiýa.

Soňky aýlarda Azatlyk Radiosyna interwýu berýän ýa-da bermek isleýän türkmenistanlylara garşy türkmen häkimiýetleri tarapyndan edilýän basyşlaryň we haýbatlaryň güýçlenýändigi barada habarlar gelip gowuşýar.

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýaşaýan, 1973-nji ýylda doglan türkmenistanly Rozybaý Jumamuradow Azatlyk Radiosynda eden soňky çykyşyndan soň, özüne Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Atamyrat şäherine degişli telefon belgiden jaň gelendigini we ondan Azatlykdaky çykyşlaryny bes etmegi talap edendiklerini gürrüň berdi.

“Maňa ‘Sen şu meseläňi, işiňi haçan bes etjek?’ diýýär. Aýtma diýýär, maňa bes et diýýär. Men näme üçin halkyň çekýän jebirini aýtmaýyn? Näme üçin bes edeýin? Bolýar, men aýtmaýyn, onda sen şol halkyň, raýatyň arzyny, islegini çöz. Ýagny, sen onuň şikaýatyny göwnüne laýyk kanagatlandyr. Ol senden kanagatlanandan soň, arzyny maňa-da gelip aýtmaz, başga hiç kime-de aýtmaz” diýip, Rozybaý aýdýar.

Azatlyk Radiosynda Türkiýedäki türkmenistanly migrantlaryň başdan geçirýän kynçylyklary we problemalary barada işjeň çykyş edýän Jumamuradow meniň bilen telefonda gürleşen adam öz tanyşlarymyzdan biri bolsa-da, bu telefon gepleşiginiň Türkmenistanyň organ işgärleri tarapyndan gurnalandygyna ynanýaryn diýýär.

“Meniň bilen iň azyndan bir ýarym sagat gürrüňdeşlik geçirildi. Bir adam işleýän bolsa-da, ol başga ýurda jaň edip, bir ýarym sagat telefonda gürleşip bilmez. Hiç kimiň ýagdaýy muňa çatmaz. Men aç-açan aýdaýyn, Türkmenistandaky raýatlaryň maliýe ýagdaýy ýetmez. Maňa jaň edenleriň arasynda meniň tanyşlarymdan biri we organ işgäri bar” diýip, Rozybaý aýdýar.

Türkmen migranty: “Türkmenistanyň organ işgärleri garyndaşlaryma basyş edip ýa-da olaryň üsti bilen özüme haýbat atyp, meniň sesimi dymdyrmaga synanyşsa-da, men öz çykyşlarymy, türkmenistanly migrantlaryň başdan geçirýän kynçylyklary barada görýän zatlarymy aýtmagy dowam etdirerin” diýýär.

Ýeri gelende bellesek, Azatlyk Radiosynda çykyş etmek isleýän türkmen raýatlaryna garşy edilýän basyşlaryň ýurduň içinde hem güýçlenendigi barada maglumatlar bar.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowanyň aýtmagyna görä, oňa interwýu bermek üçin jaň eden raýatlaryň ençemesine Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň işgärleri tarapyndan jaň edilip, dürli basyşlar we gorkuzmalar amala aşyrylýar.

Dünýägözel Jumagulyýewa

Ýatladyp geçsek, ýakynda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Azatlyk daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Dünýägözel Jumagulyýewa hem Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa wideo interwýu berenden soň, türkmen häkimiýetleri tarapyndan 15 gije-gündizläp, tussaglykda saklanandygyny gürrüň beripdi.

Ol mundan birnäçe hepde ozal Lebapdan Aşgabada gelip, Açylowa özüniň köp ýyllardan bäri işsizdigi we zähmet biržasynda nobata dursa-da, nobatyna seredilmeýändigi, şeýle-de, edara-kärhanalardaky boşan iş orunlaryna diňe para beren adamlaryň işe alynýandygy barada wideo interwýu beripdi.

Jumagulyýewa yzyna Türkmenabada dolanyp, öz obasyna gitmek üçin awtoulaga münjek mahaly, oňa “söwdagärleriň birinden haryt alyp, onuň puluny bermändigi” aýdylyp, polisiýa merkezine alnyp gidilýär.

Ol ýerde ondan ýokarda agzalan aýyplamalar barada hiç zat soralman, onuň deregine “Aşgabada näme üçin gitdiň? Kim bilen duşuşdyň?” diýen ýaly sowallar berlip, 15 gije-gündiz tussaglykda saklanylýar.

Aradan 13 gün geçensoň, Jumagulyýewanyň ýanyna özüni Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk gullugynyň işgäri diýip tanadan bir adam gelip, oňa “Aşgabada näme üçin gitdiň? Nähili ýazgy etdirdiň? Indi şol ýere gitseň, düýpli basarys, birnäçe ýyllyk basarys” diýip gorkuzýar.

Şondan soň, polisiýanyň işgärleri onuň barmak yzyny alyp, oňa birnäçe düşündiriş ýazdyrýarlar we ony 15 gün diýlende azatlyga goýberýärler.

Agajuma daýy

Soňky aýlarda şuňa meňzeş wakalar bilen ýüzbe-ýüz bolan diňe Jumagulyýewa däl, eýse, Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň ýaşaýjysy Annamämmet Hudaýberdiýewiň hem Soltan Açylowa bilen habarlaşyp, oňa özüniň ýazan kitabyny çap etdirip bilmeýändigi barada interwýu berenden soň, Balkan welaýatynyň Milli Howpsuzlyk gullugy tarapyndan soraga çekilendigi barada maglumatlar bar.

Açylowanyň Hudaýberdiýewiň ýakyn tanyşlaryna salgylanyp berýän maglumatyna görä, ondan Azatlyga interwýu bermezlik talap edilipdir we onuň telefon belgisi hem doly öçürilipdir.

Şeýle-de, Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň ýaşaýjysy Agajuma daýy indi ençeme wagt bäri Azatlyk Radiosyna dürli temalar, şol sanda işsizlik, raýatlaryň arza-şikaýatlarynyň diňlenmeýändigi, okuwa girmek üçin para soralýandygy, transport kynçylyklary barada interwýu berýärdi.

Agajuma daýy şu ýylyň 25-nji iýunynda Soltan Açylowa jaň edip, özüniň onuň bilen duşuşyp, interwýu bermek üçin Aşgabada barjakdygyny aýdýar, emma ol gelmeýär. Şondan soň, onuň mobil telefon belgisi hem öçürilýär.

Aradan birnäçe wagt geçensoň, Açylowa öz tanyşlary arkaly Agajumanyň ýolagçy otlusyndan düşürilip, tussag edilendigini bilip galýar.

“Men öz tanyşlarymyzyň üsti bilen Agajumanyň türmä basylandygy barada maglumat aldym. Ýöne onuň nämede aýyplanandygy barada mende maglumat ýok. Mysal üçin, oňa näçe ýyl keslipdir, ony-da bilemok. Ýöne men ilatdan onuň Aşgabada gelýärkä, ýolagçy otlusyndan düşürilip, tussag edilendigi barada maglumatlar aldym” diýip, Açylowa gürrüň berýär.

Baýramalyly Maýsa

Mundan birnäçe aý ozal hem, Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinden özüni Maýsa diýip tanadan raýat Açylowa bilen habarlaşyp, özüniň Gazagystanda ýurdiki ugur boýunça bilim alyp gelendigi, emma diplomyny tassykladyp bilmeýändigi barada interwýu bermek isleýändigini aýdýar.

Açylowa Baýramala baranda, Maýsa jaň edýär. Ol şonda Açylowa bilen duşuşýar we söhbetdeş bolýar, emma interwýu bermekden wagtlaýynça saklanýar we özüniň gaýtadan habarlaşjakdygyny aýdýar.

Bu duşuşykdan soň, Açylowa öz tanyşlary arkaly, Türkmenistanyň ýörite gulluklary tarapyndan Maýsanyň Lebapda işleýän agasyna “basyş edilip”, ondan jigisiniň Azatlykda çykyş etmezligi talap edilendigini bilip galýar.

Amanberdi Kadyrow

Şeýle-de, Balkan welaýatynyň Jebel şäherinden özüni Amanberdi Kadyrow diýip tanyşdyran raýat hem Soltan Açylowa bilen habarlaşandan soň, Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan soraga çekilýär.

“Kadyrowyň dogan-garyndaşlaryndan oňa nähili çäre görlendigi barada maglumat alyp bilmedim. Emma ol Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan soraga çekilenden soň, onuň telefon belgisi hem kesildi” diýip, Açylowa aýdýar.

Sözümiziň ahyrynda aýtsak, Azatlyk Radiosyna interwýu bermek isleýän raýatlara garşy edilýän bu basyşlaryň ählisi soňky birnäçe aýyň dowamynda amala aşyrylyp, bu barada degişli türkmen resmilerinden komentariý almak başartmady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG