Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda işgärlerden tölegsiz zähmet rugsadyna çykmak talap edilýär


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Soňky aýlarda Balkan welaýatynda ýurduň nebit-gaz pudagynyň käbir işgärleriniň tölegsiz zähmet rugsadyna çykmaga mejbur edilýändigi habar berilýär.

Maglumata görä, resmiler munuň sebäbini ýurtda Nebit-gaz senagaty ministrliginiň ýapylmagy netijesinde adamlary bütinleý işsiz goýmazlyk maksady bilen amal edilýän çäre diýip düşündirýärler.

Azatlyk Radiosy bu barada jikme-jik maglumat almak üçin, ýakynda Balkan welaýatyna sapar eden synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Balkanda işgärlerden tölegsiz zähmet rugsadyna çykmak talap edilýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:49 0:00

Balkan welaýatyndaky nebit-gaz kärhanalarynyň käbir işgärleriniň başdan geçirýän bu ýagdaýlary, ýurtda döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärleriň ençemesine aýlyklarynyň wagtynda berilmeýändigi barada maglumatlaryň gelip gowuşýan mahalyna gabat geldi.

Ýatladyp geçsek, soňky aýlarda ýurduň Daşoguz, Mary, Lebap welaýatlarynda we Aşgabatda bilim, saglyk we oba-hojalyk pudagynyň işgärleriniň aýlyklary azyndan iki-üç aý gijikdirilip berilýär.

XS
SM
MD
LG