Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow resmi metbugaty ýene tankyt etdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işlerine nägilelik bildirip, degişli ýolbaşçylaryň käbirine käýinç yglan etdi.

Penşenbe güni “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna” taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan maslahatda, Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň “milli telewideniýede ýaýlyma çykýan gepleşikleriň taýýarlanyşyna, görnüşine we mazmunyna örän jogapkärli çemeleşmekleriniň zerurdygyny aýdyp, onda ahlak, gözellik we terbiýeçilik taraplary aýratyn nazara alynmalydyr” diýdi.

Şol bir wagtda, türkmen lideri ýurduň “köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işleriniň döwrüň talaplaryna hemişe laýyk gelmeýändigini belläp, degişli ýolbaşçylara nägilelik” bildirdi.

13-nji oktýabrda geçirilen hökümet ýygnagynda G. Berdimuhamedow “wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky teleradio ýaýlymlaryň işine gözegçiligi gowşadyp, berilýän gepleşikleriň hiliniň pese düşmegine ýol berendigi üçin” Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Gülşat Mämmedowa Sahyýewna käýinç yglan etdi.

Şeýle-de, “wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, ýaýlymda berilýän telewizion gepleşikleriň hiliniň pese düşmegine ýol berendigi üçin” Türkmenistanyň telewideniýe, radio gepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmenistan” teleýaýlymynyň başlygy Şirgeldi Işangulyýew Işangulyýewçie berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa duýduryldy diýlip, resmi metbugatda berlen habarda nygtaldy.

Anyk mysallar getirilmeýär

Şol bir wagtda, maglumatda agzalýan resmileriň haýsy wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmändigi barada anyk mysallar getirilmeýär.

Ýatladyp geçsek, türkmen prezidenti ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, teleýaýlymlarynyň işini mundan ozal hem birnäçe gezek tankyt edipdi.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, ýurduň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleriniň ýeterlik derejede giňden we başarnykly beýan edilmeýändigine ünsi çekip, çap edilýän makalalaryň döredijilik derejesiniň pesligi babatynda tankydy bellikleri aýdypdy.

Şol tankydy bellikleriň yzýany, prezident Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy M.Altaýewe berk käýinç yglan etdi.

“Halkda gyzyklanma döretjek zatlary tapmaly”

Soňky ýyllarda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň käbiri Türkmenistanyň döwlet telekanallarynda we radioýaýlymlarynda “ilatyň hakyky durmuşyny şöhlelendirýän, olary gyzyklandyrýan” gepleşikleriň goýberilmeýändigini aýdýarlar. Şol sebäpli olar özleriniň daşary ýurt, hususanda rus we türk telekanallaryna tomaşa edýändiklerini gürrüň berýärler.

“Türkmen telewideniýesinde indi öňki ýaly gowy kinolary görkezenoklar. Gowy oýunlar görkezmeli. Şonuň üçin biz-ä kanagatlanamyzok. Prezidentem kanagatlanman ýolbaşçylary aýyrýandyr. Gözläp gowy zady tapyp, kino geçirmeli. Olar obalara aýlanmaly, näme tapyp bilerin diýmeli. Adamlar halkyň göwnünden turaýmaly [zadyň] gözleginde bolmaly. Gowy oýunlar, kinolar çykarmaly” diýip, Ahal welaýatyndan 60 ýaşly kärendeçi Selim daýy gürrüň berýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistan metbugat azatlygy boýunça halkara guramalarynyň hasabatlarynda ýylyň-ýylyna iň pes bahalaryň birini alýar.

“Freedom House” guramasynyň global metbugat azatlygy boýunça 2016-njy ýyldaky ýyllyk hasabatynda Türkmenistan ýene “ýamanyň ýamany” diýilýän ýurtlaryň onlugyna girip, bu meselede iň pes bahany alan Demirgazyk Koreýadan soň, ikinji boldy. Şu ýylyň aprel aýynda çap edilen raportda resmi Aşgabat öz kanunlaryna garşy gidip, raýatlaryň informasiýa almak we ýaýratmak azatlygyny yzygiderli bozmakda tankyt edilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG