Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berlin polisiýasy: Bazardaky ýowuzlyk ‘terrorçylykly hüjüme’ meňzeýär


Berliniň resmileri wakanyň bolan ýerinde derňewleri geçirýärler. 19-njy dekabr, 2016 ý.
Berliniň resmileri wakanyň bolan ýerinde derňewleri geçirýärler. 19-njy dekabr, 2016 ý.

Berliniň polisiýasy 19-njy dekabrda giçlik adamlar baýramçylyk dabaralaryny belleýän mahaly ýük ulagynyň Roždestwo bazaryna sürülmegi netijesinde azyndan 12 adamyň ölendigini we başga-da onlarçasynyň ýaralanandygyny aýdýarlar.

“Terrorçylykly hüjüm” ýaly bolup görülýän waka Berliniň günbatar etrapçasyndaky Kaýsar Wilhelm memorial kilisesiniň golaýynda ýerleşýän iň bir gelim-gidimli söwda nokatlarynyň birinde amala aşyryldy.

Germaniýanyň resmileri ýük ulagynyň bilgeşleýin köpçüligiň üstüne sürülendigini we munuň “terrorçylykly hüjüme” meňzeýändigini aýtdylar. Polisiýa bazaryň golaýynda ýük ulagyň sürüjisidigi aýdylýan bir adamy tussag etdi.

“Reuters” habar agentligi Germaniýanyň resmilerine salgylanyp beren maglumatynda gürrüňi edilýän adamyň Berlindäki bosgunlar öýünde ýaşaýan pakistanly 23 ýaşly migrantdygyny habar berdi.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, ýük ulagdaky asly polşaly beýleki adam wakanyň bolan ýerinde ölüpdir. Polisiýa ýük ulagyň köpçüligiň üstüne 80 metr çemesi sürlen mahaly, bu adamyň ulagy kontrol etmeýändigini aýtdy.

Berlin: Hüjümde 12 adam öldi, başga-da onlarçasy ýaralandy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:04 0:00

XS
SM
MD
LG