Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Türkmenistany gynamalardan el çekmäge çagyrdy


Illýustrasiýa.
Illýustrasiýa.

Birleşen Milletler Guramasynyň adam gynamalara garşy komiteti Türkmenistany gynamalardan el çekmäge çagyrdy.

Bu komitet özüniň 7-nji dekabrda ýaýradan jemleýji hasabatynda, Türkmenistany türmelerde gynamalary, şol sanda seksual zorluklary we urup-ýençmeleri yzygiderli amala aşyrmakda we syýasy tussaglary ýitirim etmekde aýyplady.

“Erkinlikden mahrum edilen adamlaryň gynamalara we ýowuz daramalara, şol sanda urlup-ýenjilmelere giňden sezewar edilýändigi barada yzygiderli gelip gowuşýan maglumatlar örän alada goýýar” diýip, BMG-niň adam gynamalaryna garşy komitetiniň çarşenbe günki hasabatynda aýdylýar.

Bu komitet Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy “köpçülikde çykyş edip, ýurtda gynamalara ýol berilmejekdigini aç-açan mälim etmäge” çagyrdy.

Şeýle-de, hasabatda ýurtda tussaglaryň gynamalara sezewar edilýändigi barada yzygiderli maglumatlaryň gelip gowuşýandygyna garamazdan, şeýle wakalar bilen baglanyşykly hiç kimiň sud edilmändigine hem üns çekilýär.

Şol bir wagtda, komitet Türkmenistan hökümetiniň žurnalistleriň we adam hukuklaryny goraýan aktiwistleriň öz işini we hereketlerini amal etmegine rugsat bermelidigini nygtap, türkmen häkimiýetlerini öz işini berjaý edeni üçin ar almak maksady bilen tussag edilen ýa-da ýyl kesilen habarçylary we aktiwistleri azatlyga goýbermäge çagyrýar.

Sütem bilen ýenjilip, elektrik togy bilen gynaldy

Azatlyk Radiosyna bu hasabat dogrusynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden haýsydyr bir kommentariýa almak başartmady. Emma Türkmenistanda tussag edilen adamlaryň gynamalara we urlup-ýenjilmelere sezewar edilýändigi barada, yzygiderli maglumatlar gelip gowuşýar.

Şeýle wakalaryň iň soňkusy şu aýyň başynda bolup, howpsuzlyk gulluklary tarapyndan tussag edilen Azatlyk Radiosynyň Daşoguz welaýatyndaky habarçysynyň günde-günaşa gynamalara sezewar edilýändigi habar berilýär.

Azatlyk Radiosynda Mekan Täşliýew lakamy bilen çykyş eden Hudaýberdi Allaşow 3-nji dekabrda Köneürgenç şäherinde tussag edilip, ol türkmen resmileri tarapyndan 11 kilogram nas serişdesini saklamakda günälenýär.

Allaşowyň garyndaşlary we wakanyň şaýatlary bularyň toslama aýyplamalardygyny aýdýarlar. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Tomas Kent hem Hudaýberdi Allaşowyň tussag edilmeginiň hakyky sebäbini onuň žurnalistiki işi bilen baglanyşdyrýar.

Polisiýadaky we beýleki çeşmeleriň tassyklamagyna görä, Hudaýberdi Allaşowyň boýnuna etmedik işini dakmak üçin, ony sütem bilen ýenjipdirler we elektrik togy bilen gynapdyrlar.

Soňky günlerde halkara guramalarynyň ençemesi türkmen häkimiýetlerini Allaşowy dessine azat etmäge çagyryp, beýanat ýaýratdy. Olaryň arasynda Žurnalistleri goramak boýunça komitet, Serhetsiz Reportýorlar guramasy we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy dagy bar.

“Maglumatlar düýbünden kabul ederliksiz”

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Nişa Desai Biswal 8-nji dekabrda Gamburgda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) geçýän Ministrler derejesindäki 23-nji maslahatynyň çäklerinde çykyş edip, Allaşowyň tussag edilmegi barada berlen soraga jogap berdi.

Ol soňky ýyllarda Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna edilýän basyşlardan, ýowuz daramalardan ýa-da tussag edilmelerden we gynamalardan örän alada galýandyklaryny aýdyp, bularyň düýbünden kabul ederliksizdigini belledi.

“Biz bu meseläni [türkmen] hökümetiň öňünde göni goýýarys we bu bu mesele [Allaşowyň tussag edilmegi] boýunça beýanat hem ýaýratdyk. Sebäbi bu mesele Türkmenistanyň hökümetiniň halkara kanunlarynyň, adam hukuklary boýunça halkara deklarasiýasynynyň, şeýle-de, öz konstitusiýasynyň öňünde borçnamalary bar. Şuňa laýyklykda, sud prosesiniň berjaý edilýändigi dogrusynda ýerine ýetirmeli borçnamalary bar. Şeýlelikde, biziň eşidýän maglumatlarymyz düýbünden kabul ederliksiz” diýip, Nişa Desai Biswal aýtdy.

Ýeri gelende bellesek, soňky döwürde Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky beýleki habarçylaryna hem basyşlar has güýçlendi.

BMG-niň adam gynamalara garşy komiteti özüniň jemleýji hasabatynda žurnalistlere we adam hukuklaryny gorap çykyş edýän aktiwistlere, şol sanda Altymyrat Annamyradowa, Gulgeldi Annanyýazowa, Saparmämmet Nepesgulyýewe we Soltan Açylowa garşy ýowuz daramalaryň, gynamalaryň, eden-etdilikli tussag edilmeleriň amala aşyrylýandygy baradaky maglumatlary derhal, dolulygyna we adalatly derňemäge çagyrýar.

Şeýle-de, komitet Türkmenistan tutuş ýurduň çägindäki bu gynamalaryň öňüni almak üçin gyssagly we netijeli çäreleri kabul etmeli diýip, bu hereketleri amala aşyrmakda güman edilýän adamlaryň jezalandyrylmagy üçin möhüm çäreler görülmeli diýdi.

XS
SM
MD
LG