Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kubanyň rewolýusion lideri Fidel Kastro aradan çykdy


Ozalky prezident Fidel Kastro Kommunistik partiýanyň gurultaýyna gatnaşýar, 19-njy aprel, 2016 ý. Hawana
Ozalky prezident Fidel Kastro Kommunistik partiýanyň gurultaýyna gatnaşýar, 19-njy aprel, 2016 ý. Hawana

Kubanyň rewolýusion lideri, kommunistleriň ada döwletine ýarym asyra golaý ýolbaşçylyk eden Fidel Kastro 90 ýaşynda aradan çykdy diýip, prezident Raul Kastro milli telewideniýede yglan etdi.

"Kuba rewolýusiýasynyň baş harby serkerdesi 22 sagat 29 minutda aradan çykdy" diýip, prezident 25-nji noýabrda, gök harby lybasyny geýip, milli telewideniýede eden çykyşynda aýtdy.

Fidel Kastro aradan çykdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:18 0:00

"Hemişe öňe, ýeňşe!” diýip, Raul Kastro ölümiň sebäbini aýtman goýdy.

Ozalky rewolýusion lideriň jesedi 26-njy noýabrda, onuň öz nesihatyna laýyklykda, ýakylar diýip, Raul Kastro belledi.

Kubada indi birnäçe gün ýas tutular.

Anyk aýdylmadyk içege kesellerinden ejir çeken Kastro 2006-njy ýylyň iýulynda wagtlaýyn wezipesinden çekildi we soňra, 2008-nji ýylda öz ýerine resmi taýdan doganyna geçirdi.

Ol öz bir partiýaly ada döwletine 47 ýyllap ýolbaşçy boldy.

Kastro öz ömrüniň soňky ýyllarynda döwlet mediasynyň pikir bölümi üçin makala ýazdy, emma jemgyýetçilige kän çykmady.

Onuň soňky ýyllarda adamlara iň ýakyndan gatylan gezegi aprel aýynda, ýurduň Kommunist partiýasynyň kongresiniň soňky gününde boldy.

"Basym menem beýleki hemme adamlar ýaly bolaryn. Biziň hemmämiz üçin wagt geler, emma Kubanyň kommunistleriniň ideýalary, eger-de biri hyjuw we mertebe bilen işlese, bu planetada subutnama hökmünde saklanyp galar, olar adamzada zerur maddy we medeni gymmatlyklary, hiç wagt ýan bermezden göreşmek arkaly öndürip bilerler» diýip, ol aýtdy.

Kastronyň ölümi krizise iterjege meňzemeýär, sebäbi Raul soňky on ýylda häkimiýeti berk golunda saklamagy başardy. Ol dissidentleri esasan kontrol astynda saklady we ykdysady reformalar çäklendirildi.

Raul Kastro 2018-nji ýylda, öz möhleti dolanda wezipeden çekiljekdigini aýtdy. Şeýle-de ol öz ornuna wise-prezident Miguel Diaz-Kaneliň geçjekdigini aýtdy.

Dünýä liderleri Kastronyň ölümine gynanç bildirýär

Dünýä liderleri öz ada döwletine tas ýarym asyr ýolbaşçylyk eden kuba rewolýusioneriniň ölümine gynançlaryny beýan etdiler.

Kastronyň ölümi baradaky habar ýurduň Maýamide bosgunçylykda ýaşaýan adamlarynyň arasynda şatlyk, dünýä liderlerinde gynanç döretdi.

Fidel Kastronyň ölümini baýram edýän kubalylar, Maýami, Florida, ABŞ, 26-njy noýabr, 2016
Fidel Kastronyň ölümini baýram edýän kubalylar, Maýami, Florida, ABŞ, 26-njy noýabr, 2016

Müňlerçe adam Kastronyň ölümini baýram etmek üçin köçelere çykyp, Maýaminiň "Kiçijik Hawanasynda" "Cuba si! Castro no!" diýip gygyrdy.

Kastro dünýäniň çar künjegindäki çepçileriň hormatyny gazandy, olar oňa latyn Amerikasynda Birleşen Ştatlaryň agalygyna garşy duran, garyplara bilim, saglygy saklaýyş hyzmatlaryny beren we dünýä ýüzünde sosializm hereketini hyjuwlandyran öňdengörüji hökmünde seretdiler.

Rus prezidenti Wladimir Putin 26-njy noýabrda Kremlden ýaýradan beýanatynda Kastrony «Bir eýýamyň simwoly» diýip öwdi.

Putiniň Raul Kastro ýollan telegrammasynda Fidel Kastronyň «Orsýetiň ynamdar dosty bolandygy» aýdylýar.

Ozalky sowet lideri Mihail Gorbaçew Kastrony öz ada ýurduny «kuwwatlandyran» lider hökmünde taryplady.

Wenezuelanyň sosialist prezidentiNikolas Maduro "dünýä rewolýusionerlari onuň mirasyny alyp götermeli, oňa eýermeli" diýdi.

Fransiýanyň prezidenti Fransua OllandKastro Kuba rewolýusiýasynyň «umytlaryny we lapykeçliklerini» özünde jemledi diýmek bilen, Kastro režiminiň adam hukuklarynyň bozulmagyndaky roluny nazara alyp aýtdy.

XS
SM
MD
LG