Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede okuwçylara "Atatürkçülik" we "Ewolýusiýa" okadylmaz 


Stambul uniwersiteti, Türkiýe
Stambul uniwersiteti, Türkiýe

Türkiýäniň bilim ministrligi başlangyç we orta bilim berýän mekdepler bilen liseýler üçin magaryf ýörelgesine täze üýtgeşmeler girizdi.

Şeýlelikde, bilim ministrligi orta mekdepde okadylýan gumanitar sapaklardan "Atatürkçülik" garaýşy bilen baglanyşykly sapaklary dolulygyna çykardy.

Sapak jaýlaryndaky Mustafa Kemal Atatürküň şahsyýeti baradaky maglumatlaryň käbir bölümlerine bolsa degilmändir.

Ýurtdaky magaryf ýörelgesine şeýle üýtgeşikligiň girizilmegini hökümetiň tarapdarydygy aýdylýan "Egitim bir Sen" atly kärdeşler arkalaşygy talap edipdir.

Ýurtda giňişleýin ýaýran başga bir habarda bolsa, bilim ministrliginiň Çarlez Darwiniň "Ewolýusiýa" teoriýasynyň hem biologiýa sapagyndan çykaryljakdygy mälim edilýär.

Täze magaryf ýörelgesine görä, biologiýa sapagyndan "Ýaşaýşyň döreýşi we kämilleşmegi" bölümi çykarylar. Onuň deregine "Jandarlar we daşky gurşaw" atly bölüm goýlar. Bu bölümde okuwçylara daşky gurşawyň täsiri bilen genetiki özgerişleriň nähili bolýandygy öwrediler.

Türkiýäniň bilim ministrliginiň ýaýradan maglumatyna görä, şonuň ýaly-da mundan beýläk türk okuwçylaryna mekdeplerde Türkiýäniň täze taryhy bölüminde türk taryhyndaky döwlet agdarylyşyklary, 15-nji iýuldaky agdarylyşyk synanyşygy, ÝB-ne agzalygyň hronologiýasy, Kipr gepleşikleri hem okadylar.

XS
SM
MD
LG