Sepleriň elýeterliligi

Daşoguz: Prezidentiň tankydyndan soň, pagta ýygymy güýçlendirildi


Güýçli ýagyndan soň, Daşogzuň pagta meýdanlary.

Güýçli ýagyndan soň, Daşogzuň pagta meýdanlary.

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda sowuk, ýagynly howa şertlerine garamazdan, döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärler köpçülikleýin görnüşde pagta ýygymyna gatnaşdyrylýar. Bu çäräniň sentýabr aýy bilen deňeşdirilende, soňky günlerde has-da güýçlenendigini Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri habar berýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, bu çäreler türkmen prezidenti Grubanguly Berdimuhamedowyň ýurduň gowaça meýdanlarynda pagtanyň galan hasylyny zaýasyz ýygnap almak bilen baglanyşykly işleriň pes derejede alnyp barylýandygyny aýdyp, käbir welaýat häkimlerine öz nägileligini bildirmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

“Häzir adamlar howanyň ýaramazdygyna garamazdan, ýagşyň aşagynda pagta ýygýarlar. Pagta meýdanlarynda pagta ýygmak beýlede dursun, batgaly ýerde aýagyňy galdyryp ýöremek hem uly alada” diýip, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Dostluk obasynyň ýaşaýjysy, 30 ýaşyna golaýlan Rahymberdi aýdýar.

Pagta meýdany.

Pagta meýdany.

Soňky günlerde pagta ýygymyna bolan talabyň güýçlenmegi bilen býujetden aýlyk alýan işgärler we bazarlarda söwda edýän telekeçiler hakyna tutup, öz deregine pagta meýdanlaryna adam ugradýan bolsa, kärende ýeri bolmadyk hojalyklardan hem pagta çykmak talap edilýär.

Şol bir wagtyň özünde, bu talabyň güýçlenmegine nämäniň sebäp bolandygy barada, resmiler tarapyndan halk köpçüligine hiç hili maglumat berilmeýär. Emma welaýatyň çetki obalarynda alnyp barylýan bu çärä gözegçilik etmek işlerine bolsa, welaýat häkiminiň hut özüniň gatnaşýandygyny Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri habar berýärler.

Käbir daýhanlar bu talabyň güýçlenmeginiň sebäbini prezidentiň soňky eden çykyşy bilen baglanyşdyrsalar, käbirleri heniz göz öňünde tutulan pagta planynyň dolmandygy we muňa bolsa, pagtanyň wagtynda ekilmezliginiň we agro-tehniki idegleriň ýeterlik derejede edilmezliginiň sebäp bolýandygy bilen düşündirýärler.

“Etrabymyzda oba-hojalyk tehnikalarynyň ýetmezçilik edýänligi sebäpli, pagtany iýun aýynyň soňky on günlüginde ekdim. Ýerli arçynlyklar ýeterlik derejede dökün bermeýär we ekinleriň arasyny ýumşatmak işleri üçin, tehnika wagtynda berilmeýär. Şol sebäpli hasylym pes boldy, pagtalar hem giç açyldy. Indi 15 ýyl bäri pagta ýygýan maşynlaryň şu sebite gelenini hem görmedim” diýip, Dostluk daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy, 4 gektar kärende ýer eýesi, 40 ýaşlaryndaky Gadam gürrüň berýär.

Şol bir wagtda, Gadam pagta meýdanlaryndaky hasyly ýygdyrmak üçin, kärende eýeleriniň öz hasabyna çykdajy etmeli bolýandygyny aýdyp, “girdejiden geçdik, zyýanymyza işleýäris” diýýär. Galyberse-de, ol soňky birnäçe gün bäri ýagýan ýagyş sebäpli, pagtanyň reňkiniň solup, onuň hiliniň ýaramazlaşandygyny hem sözüniň üstüne goşýar.

Sözümiziň ahyrynda aýtsak, ýagynly howa sebäpli Daşoguzyň etrapdyr obalarynyň ençemesiniň köçelerinde emele gelen batgany we suw üýşmeleňlerini arassalamak bilen baglanyşykly ýerli häkimiýetler tarapyndan hiç hili çäre görülmeýär. Indi birnäçe gün bäri dowam edýän bu ýagdaýyň bolsa, ýerli ýaşaýjylaryň gatnawyna ýaramaz täsir ýetirýändigi habar berilýär.

XS
SM
MD
LG