Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguz: Awtoulagy parasyz tehniki gözegçilikden geçirip bolmaýar


Türkmenistan
Türkmenistan

Daşoguz welaýatynda hususy awtoulaglaryň tehniki gözegçiliginden geçirilmegine resmi gözegçiligiň güýçlenendigi, emma awtoulaglaryň tehniki gözegçiliginden geçirilendigi baradaky resminamalary parasyz alyp bolmaýandygy habar berilýär.

“Häzirki wagtda tehniki gözegçilikden geçmeli wagty öten ýeňil we hususy awtoulaglaryň eýeleriniň anyklanyp, polisiýa çagyrylmak işi geçirilýär” diýip, adynyň tutulmagyny islemedik ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosyna habar berdi.

Gurat haty talap edilýär

Onuň sözüne görä, hatda ätýaçlandyryş böleklerine bölünip, satylan köne awtoulaglaryň eýelerinden hem öz ulaglaryny tehniki gözegçiliginden geçirmek talap edilýär.

Daşoguzda awtoulaglaryň tehniki talaplarynyň berjaý ediliş tertibi we bu işiň berjaý edilişine resmi gözegçilik düzgüni barada degişli edaralardan resmi maglumat alyp bolmady.

Daşoguzdaky habarçymyz Mekan Täşliýew welaýatda hususy awtoulaglaryň tehniki gözegçilikden geçirilmek işiniň berjaý edilmegine polisiýa tarapyndan berk gözegçilik edýändigini we her bir ulagyň sürüjisinden gurat hatynyň talap edilýändigini gürrüň berdi.

Daşoguz welaýatynda awtoulaglary tehniki gözegçiliginden geçirmek işiniň diňe bir ýerde amala aşyrylýandygyny ýerli ýaşaýjylar gürrüň berýärler.

Daşoguzdaky habarçymyz ozallar şeýle merkezleriň welaýatyň her bir etrabynda bolandygyny, emma soňky iki ýyl çemesi wagt bäri tehniki gözegçiligi diňe bir edaranyň amala aşyrýandygyny, onuň Daşoguz şäheriniň Gurbansoltan eje etrabyna tarap ýolda ýerleşýändigini habar berdi.

Türkmenistanda resmi düzgüne laýyklykda, hususy ulaglary tehniki gözegçilik barlagyndan ýylda bir gezek geçirilmeli.

'Paranyň möçberi ulaga bagly'

Emma Mekan Täşliýew hatda täze awtoulaglaryň tehniki taýdan düzüwdigi barada resminamany, ýagny gurat hatyny parasyz alyp bolmaýandygyny gürrüň berdi: “Para bermeseň geçenok ulaglar. Täzeje maşynlara-da bahana tapýarlar, ýazgyda, ýa-da garaşdyrýarlar, nobaty köpeldýärler. Iň pesi, maşynyň täzeje, gurat bolsa 50 manat bilen geçýär täze puldan. Paranyň möçberi maşynyň köneligine bagly. Köne maşyn bolsa 200-300 manada baryp ýetýär”.

Soňky wagtda Daşoguzda howlularda duran, käte ýöremeýän köne hususy awtoulaglaryň hem ýerli häkimiýetleriň üns merkezine düşendigini ýerli ýaşaýjylar gürrüň berýärler. Hususan-da, ýerli polisiýa bölümleriniň wekilleriniň howlularda duran awtoulaglary hasaba alýan pursatlarynyň seýrek däldigi habar berilýär.

XS
SM
MD
LG