Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda 1523 tussagyň günäsi geçildi


Gözenekden garaýan tussag
Gözenekden garaýan tussag

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji oktýabrda, Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli, iş kesilen raýatlaryň 1523-siniň günäsini geçmek baradaky karara gol çekdi.

Ýöne günäsi geçilenleriň arasynda halkara hukuk toparlarynyň syýasy sebäpler esasynda ýazgarylan hasaplaýan adamlarynyň, žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýewiň bardygy ýa ýokdugy belli däl.

Türkmen mediasy bu karara Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çekilendigini habar berýär.

Döwlet baştutany, ozalky günä geçişlerde bolşy ýaly, degişli ýolbaşçylara günäsi geçilen tussaglaryň ýakyn wagtda maşgalasyna gowuşmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanda tussaglaryň günäsini ýygy-ýygydan köpçülikleýin geçmek çäreleri ozalky prezident S.Nyýazowyň ýurdy dolandyran döwründe başlandy.

Hukuk toparlarynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistan sebitde ilat sanyna düşýän tussaglaryň sany boýunça iň öňdäki orunlary eýeleýär we bu ýagdaý ýylda günäsi geçilýän tussaglaryň sanyndan hem görünýär.

Ýöne ilkiler günä geçişlere düşýän tussaglaryň atlary metbugatda çap edilerdi, türmeden boşap gelýän hor-homsy adamlaryň garyndaşlary bilen duşuşýan pursatlary hem görkezilerdi. Emma soň bu ugurdaky aç-açanlyklar çäklendirildi.

Prezident Berdimuhamedow 2006-njy ýylyň aýagynda häkimiýet başyna geleninden soň, günä geçişleri baýramçylyklara gabat geçirmegi teklip etdi we şondan bäri her uly baýramçylygyň öňünden ýüzlerçe tussagyň günäsi geçilýär.

«Biz günä geçiş çärelerini geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döredýäris» diýip, prezident Berdimuhamedow anna güni aýtdy.

Şeýle-de ol, ozalky günä geçişlerde edişi ýaly, welaýat, etrap, şäher häkimlerine we beýleki ýolbaşçylara ýüzlenip, olaryň tussaglykdan boşadylan adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmeklerini tabşyrdy.

Emma şeýle tabşyryklaryň her günä geçişde berilýändigine garamazdan, ýurtda günäsi geçilen adamlaryň işe ýerleşdirilişi, umuman işsizligiň möçberi barada maglumat tapmak kyn.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistanyň sudlarynyň garaşsyz däldigini, deslapky tussaghanalarda we türmelerde tussaglaryň özlerine garşy görkezme bermäge mejbur edilýändigini, şol bir wagtda türkmen türmelerine daşary ýurtlardan garaşsyz synçylaryň baryp görmegine rugsat berilmeýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG