Sepleriň elýeterliligi

"MHM milli howpsuzlygy däl, basyşy goraýar"


Türkmen resmileri

Türkmen resmileri

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) döredilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli gutlag haty bilen ýüzlendi.

30-njy sentýabrda Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edilen maglumatda, Berdimuhamedow bu sene mynasybetli ýurduň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärlerini gutlap, “Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygyň, agzybirligiň, gülläp ösüşleriň ýurdy hökmünde uly abraýa eýedigini” aýtdy.

Şeýle-de, ol Milli howpsuzlyk ministrligi “ýurduň howpsuzlygyny üpjün etmekde, halkyň abadan durmuşyny, raýat jebisligini hem-de döwletiň ykdysady bähbidini goramak ugrunda” jogapkärli wezipäni ýetine ýetirýär diýdi.

Azatlyk Radiosy şu günki günde bu ministrligiň Türkmenistanda oýnaýan roly barada häzirki wagt daşary ýurtlarda ýaşaýan käbir türkmenistanlylar bilen söhbetdeş boldy.

Ýaragly güýçlerde gulluk eden, türkmen parlamentiniň öňki deputaty Halmyrat Söýünowyň sözlerine görä, bu ministrlik döwletiň içerki we daşarky howpsuzlygyny üpjün edýän esasy gorag ministrlikleriň biri bolsa-da, onda “bir adamyň bähbidine, görkezmesine” laýyklykda iş alnyp barylýar.

“Ýurtda ilkinji nobatda kanun, Konstitusiýa işlemeýär. Diýmek, adamlaryň hukuklary günde depelenip duran döwletde ministrlik öz borjuny Konstitusiýada talap edilşi ýaly ýerine ýetirip bilmeýär. Olar diňe ýokardan gelen, prezidentiň beren görkezmesi esasynda gündelik işini ýola goýup oturan gurama. Ol ýerde döwlet, halk üçin edilýän iş ýok. Diňe bir adamyň, şahsyýet kultunyň hatyrasyna amal edilýän iş bar diýip düşünýärin” diýip, Halmyrat Söýünow aýdýar.

“Müňlerçe adam türmä basyldy”

Onuň aýtmagyna görä, bu ministrlik ýurtdaky ykdysady ogurlyklaryň, korrupsiýanyň öňüni almaga gönükdirilen gurama bolsa-da, muňa garamazdan, bu meseleler gün geçdigiçe has-da möwjeýär. Şeýle-de, ol soňky 25 ýylyň dowamynda ýurtda müňlerçe adamyň günäsiz türmä basylandygyna hem ünsi çekip şeýle diýýär:

“MHM-niň roluny ‘gorag guramasy däl-de, jezalandyryş guramasy’ diýip atlandyrsak, has jaýdar bolardy. Ol jezalandyryş hem öz halkynyň garşysyna ulanylýan jezalar. Türkmenistan garaşsyzlygyny alany bäri geçen 25 ýylda bu ministrligiň döwletiň, halkyň öňünde bitiren hyzmatyndan döwleti, halky ýumran hyzmaty has köp bolup dur. Islendik döwri alanymyzda-da, MHM tarapyndan ýüzlerçe, müňlerçe adam türmä basyldy. On müňlerçe adam öz hukugyndan mahrum edildi. Ine, MHM-niň bitiren işi”.

Adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň başlygy Farid Tuhbatullin hem MHM-niň işinde sowet döwründe alnyp barylýan syýasatyň heniz hem dowam edýändigini aýdyp, “olaryň esasy maksady döwletiň syýasatyna garşy bolan adamlara garşy göreşmekden ybarat” diýýär.

“Sowet döwründäki syýasat gidip dur”

“Meniň pikirimçe, häzir sowet döwründäki syýasat gidip dur. “Howpsuzlyk” diýip, olaryň esasy maksady döwletiň syýasatyna garşy adamlary duşman edip görkezip, olara garşy göreşmekden ybarat. Syýasat boýunça olara şol gerek. Ol halkyň howpsuzlygy däl-de, döwletiň howpsuzlygy bolýar” diýip, Farid Tuhbatullin belleýär.

Onuň sözlerine görä, bu ministrligiň esasy borjy halkyň howpsuzlygyny üpjün etmekden ybarat bolsa-da, ýurtda adamlaryň hukuklarynyň berjaý edilişine, ykdysady, ekologik we korrupsiýa meseleleriniň çözülmegine üns bermeýärler.

“Ýurtda uly problemalar bar. Mysal üçin, sowet döwründen bäri Daşoguzda ýaş çaganyň we enäniň ölüm derejesi ýokary. Başga-da, ýurtda häzir syrkawlama epidemiýeleriniň, inçekeseliň we beýlekileriň derejesi hem gaty ýokary. Meniň pikirimçe, şu zatlar halka has köp zelel ýetirýär. Gynansak-da, olar [MHM] şu zatlara garşy göreşmeýärler. Olaryň birinji maksady döwleti, ýokary wezipeli adamlary goramakdan ybarat” diýip, Farid Tuhbatullin gürrüň berdi.

2002-nji ýyla çenli Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komiteti diýlip atlandyrylan ýurduň Milli howpsuzlyk ministrligi 1991-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda döredilipdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG