Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek dissidentleri täze liderden umydygär


Özbegistanyň wagtlaýyn lideri Şawkat Mirziýaýew.
Özbegistanyň wagtlaýyn lideri Şawkat Mirziýaýew.

Özbegistanyň wagtlaýyn lideri Şawkat Mirziýaýew ýurduň sana goşulman uzaklara taşlanan dissident jemagatyny möhüm sepgitde bölünişige salana meňzeýär.

Bir tarapda Orta Aziýanyň iň köp ilatly ýurdunda onlarça ýyllap bir adamyň hökümdarlygyndan soňra reformalara umyt baglap, Mirziýaýewy oňat garşylaýanlar dur. Beýleki tarapda bolsa tankytçylar ýurda uzak wagtlap premýer-ministrlik eden Mirziýaýewiň awtoritar Yslam Kerimowyň ölüminden soňra häkimiýeti öz eline geçirmegi bikanun, onuň hem özünden öňküden tapawudy ýok diýip aýak direýärler.

Kerimowyň döwründen üç aý geçip, 4-nji dekabrda geçiriljek prezidentlik saýlawynda Mirziýaýewiň ýagdaýy örän amatly. Oppozision toparlar 59 ýaşly öňki maşyn gurluşygy studenti dünýä has açyk bolup, ýurt içinde has köp erkinlige ýol berer diýip umyt edýärler.

“Men Mirziýaýewden gowy zada garaşýaryn. Ol Kerimowdan bütinleý tapawutly. Ol diktator däl” diýip, öňki häkim orunbasary, Kerimowyň tankytlanyndan soňra Britaniýa gaçyp gaýdan Ahmad Haji-Harezmiý aýdýar.

Beýlekiler bolsa sentýabrda Kerimowyň ölendigi yglan edilene deňiç, 13 ýyllap premýer-ministrlik eden Mirziýaýewi zalymlykda, demokratik däl düzgüniň döredilmegine kömek edip, ony ebedileşdirenlikde aýyplaýarlar.

Özbegistanda prezidentlige dalaş edýän üç resmi kandidatyň biri Hotamjon Ketmonow.
Özbegistanda prezidentlige dalaş edýän üç resmi kandidatyň biri Hotamjon Ketmonow.

“2000-nji ýylda Mirziýaýew Jizzah regionynyň häkimikä okuwçylary pagtany çalt ýygnanoklar diýip, bir matematika mugallymyny ýenjendigi barada bize habar berildi. Ol gyzma we yzgytsyz şahsyýet diýip tanalýan adam” diýip, “Human Rights Watch” guramasynyň Orta Aziýa boýunça barlagçysy Stewen Swerdlow aýdýar.

Kerimow öleninden alty gün soňra, Özbegistanyň parlamenti ýurduň baş kanunyna premýer-ministriň häkimiýeti öz eline geçirmeginiň öňüni almak üçin ýörite girizilen maddanyň üstünden hile bilen sowlup geçip, Mirziýaýewi aralyk prezident edip belledi. Bu göçüm edil on ýyl mundan ozal, Türkmenistanda garaşylmadyk ýagdaýda Saparmyrat Nyýazow aradan çykansoň, Gurbanguly Berdimuhammedowyň prezidentlik wezipesini gapjap almagy ýaly ýagdaýda boldy.

Konstitusiýada göz öňünde tutulyşy ýaly, bu wezipäniň senatyň başlygyna berilmezligi Kerimowyň tanymal garşydaşlarynyň Özbegistanda reformalary açyk talap etmegine getirdi. Olar şol bir wagtyň özünde-de Mirziýaýewiň legitimligini sorag astyna almagy dowam etdirýärler.

Uly ykdysady umytlar

Ýöne käbir dissidentler Mirziýaýewiň sorag astyndaky başlangyjyna garamazdan, ol garaşylyşy ýaly, prezidentlik saýlawynda ýeňiji bolsa, azyndan ykdysady reformalar bolar diýip umyt edýärler.

“Men Özbegistanda bu işi başga bir lider edip biler öýdemok” diýip, 1990-njy ýyllarda parlamentden kowulyp, öýi Kerimowyň adamlary tarapyndan konfiskasiýa edilen we häzir Birleşen Ştatlarda sürgünlikde ýaşaýan Johangir Mohammad adýar.

“Sebäbi häzir Özbegistanda pul höküm sürýär, hemme ýerde korrupsiýa, hemme ýerde parahorlyk bar” diýip, Mohammad belleýär. “Biz Mirziýaýew muny kem-kemden üýtgeder diýip umyt edýäris. Meniň pikirimçe, onuň syýasaty saklap, Hytaýdaky we Gazagystandaky modeller ýaly, ykdysady erkinlige ýol bermegi mümkin”.

“Özbegistanyň ykdysadyýeti ysgynsyz we millionlarça özbek daşary ýurtlarda, esasan-da Orsýetde iş gözleýär diýýär. Şol sebäpden ykdysady reformalar we infrastrukturada maýa goýum orta hally özbekler üçin güýçli süýjülik bolar” diýip, Mohammad sözüniň üstüne goşýar.

“Ýurduň köp ýerlerinde elektrik togy, gaz ýa suw ýok. Adaty özbeklerden sorasaňyz, olar maňa demokratiýa gerek däl, elektrik togy gerek diýer” diýip, Mohammad adýar.

Emma sowet döwri we ondan soňky on ýyllyklarda ýokary derejede merkezleşdirilip, döwlet maýa goýumy adat bolan ýurtda Mirziýaýewiň, Pekindäki we Astanadaky hökümetleriň edişi ýaly, hususy telekeçilige ýa işewürligiň beýleki formalaryna ýol berjekdigi belli däl.

Ýöne Mirzeýaýewiň oktýabr aýynyň aýaklarynda ýurduň on sany uly kompaniýalarynyň geljek ýyl bölekleýin hususylaşdyryljakdygyny aýtmagy Daşkendiň ykdysadyýete kontrollygy az-kem gowşatmagynyň mümkindigini alamatlandyrdy.

Gowy goňşy, köpräk suw?

Daşkendiň öz goňşulary, aýratyn-da, Täjigistan we Gyrgyzystan bilen bozulan ýa doňan gatnaşyklaryny Mirziýaýewiň ýolbaşçylygynda täzeden ýola goýmaga edýän synanyşyklaryny welin, daşary syýasatda görnüp duran üýtgeme diýip, hem dissidentler, hem-de Orta Aziýa synçylary deň derejede taryplaýarlar.

“Diktaturany dowam etdirse, Özbegistanyň çökjekdigini Mirziýaýew bilýär” diýip, Mohammad aýdýar. Ol soňra hem: “Öz goňşulary bilen [göwnejaý gatnaşyklary bolmasa], Özbegistanyň aman galyp bilmejegini ol bilýär” diýip sözüniň üstüne goşýar.

Soňky hepdelerde Täjigistan we Gyrgyzystan bilen aralykdaky serhet etraplaryna degişli özbek işewürleriniň we hökümet resmileriniň wekilleri goňşulara hoşniýetli saparlar bilen bardylar. Olar dawaly döwürlerde parahat ilatyň serhet goragçylary tarapyndan atylýan ýerlerinden hem geçdiler.

Daşkent şeýle hem goňşy ýurtlara wiza we giriş düzgünlerini-de gowşatmagy wada etdi. Bu bolsa Orta Aziýanyň öňki bäş sowet respublikasynda azlyk bolup ýaşaýan etnik täjiklere, gyrgyzlara, gazaklara we özbeklere kömek ýetirmäge mümkinçilik döreder. Häzir bu ýaşaýjylar serhediň aňyrsyndaky garyndaşlaryna gysga wagtlaýyn barjak bolsalar-da, köp býurokratik kynçylyklary başdan geçirýärler.

“Bu toparlar bu ýurtlarda bilelikda ýaşadylar, onsoň Kerimow gelip, olary aýyrdy. Bu bir uly problema. Meniň pikirimçe, Mirziýaýew serhetleri açyp, halkyň görme-görşüni aňsatlaşdyrar” diýip, Mohammad aýtdy.

Mohammad 30-njy noýabrda bu zatlary aýdanynda basym soňra Täjigistan Daşkent bilen Duşenbe arasynda 20 ýyla golaý mundan ozal kesilen uçar gatnawynyň öňümizdäki hepdelerde täzeden ýola goýuljakdygyny bildirdi.

Žurnalistler ýurtdan çykarylýar, yzarlanýar

Kerimowyň žurnalistleriň erkinligini we halkyň söz azatlygyny doly basyp ýatyran ýurdunda Mirziýaýewiň administrasiýasynyň plýuralizme we media çemeleşişi şu wagta çenli duşmançylykly boldy.

Noýabr aýynda özbek häkimiýetleri “Moskowskiý Komsomolets” gazetiniň žurnalisti Ýekaterina Sainewany saklap, ýurtdan çykardylar, bu iş germaniýaly Edda Şlager barada hem edildi.

Mirziýaýew aralyk prezidentlik wezipesine geleninden az wagt soňra, Azatlyk Radiosy hökümeti bu radionyň özbek gullugynyň žurnalistleriniň maşgala agzalaryny nyşana almakda aýyplady.

“Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň biziň žurnalistlerimiziň maşgala agzalaryna edilen her bir hüjümi we bizi gorkuzmaga ýa dymdyrmaga edilen her bir synanyşygy berk ýazgarýandygyny Özbegistanyň täze liderleri bilmelidir” diýip, 22-nji sentýabrda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň başlygy Tomas Kent aýtdy.

Musulmanlaryň radikallykda aýyplanyp, tussag edilmegi, olara resmi taýdan edilýän basyşyň beýleki formalary Kerimow öleninden soň hem dowam edýär.

Žurnalistler Mirziýaýewiň howpsuzlyk güýçlerine ozal dini ekstremizmde etmişli tapylan adamlaryň, aýratyn-da, serhet etraplarynda we paýtagt Daşkentde öýleriniň dökülmegi barada buýruk berendigini aýdýarlar. Bular ýaly işler köp wagtlap Özbegistandan daşarda ýaşap, işlän adamlaryň maşgalalaryny hem öz içine alýar.

Özbegistan Birleşen Ştatlarda daşary ýurtly terroristler sanawynda durýan Özbegistanyň yslamçy hereketiniň dörän ýeri. Kerimow ýurduň içinde we daşynda sözlän sözlerinde ýarym harby yslamçylara we ekstremistik zorluklara garşy göreşi esasy tema edindi.

Ahyrsoňy azatlyk

Regionda tussaglaryň köpçülikleýin günäsiniň geçilmegi adaty zat bolsa-da, sentýabrda tussaglaryň amnistiýa edilmegi garaşylmadyk zat bolup geldi. Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlar tarapyndan syýasy tussaglar hasaplanýan üç adamyň Özbegistanda boşadylmagy Mirziýaýewe şübheli garaýanlarda-da umyt döretdi. Bu adamlaryň biri 21 ýyllap türmede oturan Murod Juraýew. Ol 12-nji noýabrda boşadyldy.

Murod Joraýew.
Murod Joraýew.

Mirziýaýewiň ilatyň onlaýn arza-şikaýatlaryna mümkinçilik döretmegi hem onuň tankytçylarynyň ünsüni özüne çekdi. Aýdylyşyna görä, bu arza-şikaýatlara ýüz müňlerçe jogap gelip, azyndan käbir raýatlaryň kynçylygy çözülipdir. Ýöne şikaýatlaryň köpüsiniň jogapsyz galandygyna şübhe ýok.

Mirziýaýewiň reformaçylyk niýetlerine bolan ynamy käbir adamlar öz ýurduny saglyga we şatlyga tarap alyp gitmek üçin dolanyp gelen we Özbegistanda “gowy patyşa” diýilýän rowaýata deňäp gülüşýärler.

Ýöne muňa bolan ynam garaşylmadyk toparlar-da bar.

Mysal üçin, sowet döwrüniň dissidenti, Kerimowyň tankytçysy we bir aýdymyny 2005-nji ýylda Andijonda bolan gyrgynçylyga bagyşlanyndan soňra, özbek häkimiýetleri tarapyndan zulum-süteme sezewar edilen bagşy-sazanda Dodahon Hasan özüniň Mirziýaýewi goldajakdygyny duýdurdy.

Mirziýaýewi taryplaýan we Kerimow döwrüne degişli beýleki dissidentler topary Ismat Huşuw, Namoz Normumim ýaly adamlary öz içine alýar. Normumim Facebook sahypasynda Mirziýaýewiň açyklygyny öwüp, Özbegistanyň täze lideri bilen “oppozisiýa hyzmatdaşlyk edip biler” diýip, ýazdy.

Mirziýaýewi tutuşlygyna ýazgarýan sanlyja dissidentleriň biri sürgün edilen özbek ýazyjysy we weteran oppozision lider Mohammad Solih. Ol öňki premýer-ministr Kerimow ýaly “öňki režimiň” bir bölegi, Özbegistan üçin üýtgeme “umydy ýok” diýýär.

Muhammad Solih.
Muhammad Solih.

Mirziýaýew saýlawa merhum Kerimowyň ýurtda agdyklyk edýän esasy syýasy topar bolan “Özbegistanyň liberal demokratik” partiýasy tarapyndan kandidat bolup gatnaşýar.

Ýöne başga-da gatnaşýan syýasy taýdan gowşak kandidatlar ýok däl. Mundan öň Günbatar synçylarynyň hiç haçan saýlawlary erkin ýa adalatly diýip ykrar etmedik ýurdunda ýeňiş diýip hasaplanylmagy mümkin.

Özbekleriň köpüsiniň öz umytlaryny 4-nji dekabra we ondan soňraky döwre baglaýan bolmagy ähtimal.

“[Mirziýaýew] media azatlyk bermez ýa oppozisiýanyň daşary ýurtlardaky agzalaryna saýlawlary reformirlemäge ýol bermez. Biz bu gün Özbegistana hakyky demokratiýa gelýär diýip bilmeris” diýip, sürgünlikde ýaşaýan Mohammad aýdýar.

XS
SM
MD
LG