Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Playboy” žurnalynda musulman zenan çykýar, emma...


Amerikaly žurnalist Nur Taguri (Noor Tagouri).
Amerikaly žurnalist Nur Taguri (Noor Tagouri).

22 ýaşyndaky amerikaly musulman žurnalisti Nur Taguri “Playboy” atly tanymal erotica žurnalynda esasy myhman bolup, onuň sahabynda suraty berildi. Ýöne onuň suraty žurnalyň adaty kadasyndan tapawutly ýagdaýda düşürülipdir, ýagny onuň ýalaňaç suraty ýok. Adaty eginbaşda, ýagny sport köwüşli we gaýyş penjekde bolupdyr. Ol žurnal üçin beren interwýusynda zenanlary tutanýerli bolmaga çagyrmak isleýändigini aýdypdyr.

Nur Taguriniň asly Liwiýalydyr. Günbatar Wirjinýada ýaşaýan Taguri ol ýerde dürli metbugat guramalarynda – “CBS” radiosynda, “CTV” telekanalynda we “Newsy” wideo-habar ulgamlarynda žurnalistika bilen meşgullanýar. Gepiň gerdişine görä belläp geçsek, ABŞ-nyň bir federal telekanalynda hijap bilen ekrana çykan ilkinji žurnalist hem hut şol 22 ýaşyndaky ýaş habarçy bolupdy.

“Playboy” žurnalynyň redaksiýasy oktýabr aýynda çapdan çykýan sanyny owaldan gelýän kadalary we düzgünleri bozup, jemgyýetde öňe saýlanan we şol sebäpden dürli kynçylyklara döz gelen şahsyýetleri esasy tema hökmünde saýlap almagy göz öňünde tutupdyr.

Bir gyz tutanýerli bolmak üçin näme etmeli?

Žurnalyň sahabynda Taguri özi üçin adaty bolan geýimde çykýar: gaýyş penjek we ak sport (keta) köwüşli. Özüniň aýtmagyna görä, ol gürrüňdeşlikde bir gyzyň tutanýerli bolmagy üçin näme etmelidigi barasynda söz açar.

Žurnalyň şol sanynda bir topar tanymal şahsyýetler bilen bilelikde aktrisa we wäşi Aleksandra Wong, ýazyjy Pol Bitti we balet karýerasyny goýbolsun edip pornobiznes älemine goşulmagy karar eden balerina Stoýa daga hem orun berler.

Nur Taguri Merilend uniwersitetiniň uçurumydyr. Ol “täze” amerikan žurnalistikasynda iň başarjaň ýaşlaryň biri hasaplanýar. Taguri şol bir wagtyň özünde, köpsanly motiwasiýa wideo-rolikleriniň hem awtory hökmünde meşhurlyk gazanandyr. Täze nesliň wekili bolan şeýle ýaş ukybyň Instagram sosial ulgamynyň ýyldyzlarynyň biridigini nygtap oturmaga hajat ýok bolsa gerek.

Taguri dünýä belli “TED” tälim portalynda hem birnäçe söhbetdeşlik geçiripdir. Ol özüniň ähli söhbetdeşliklerinde adamlaryň tapawutly milletinden ýa-da dininden utanmazlyga, olary ýaşyrmaga synanyşmazlyga çagyrypdyr we hemişe näme bolsa bolsun, öz arzuwlaryny amala aşyrmak üçin göreşmegi maslahat beripdir.

Onuň öz esasy arzuwy hijaply telewideniýä çykmak bolupdyr. Ol bu arzuwyna 2012-nji ýylda ýetipdi. Şonda ol “ABC” telekanalynda Amerikanyň taryhynda ilkinji gezek hijaply habarlar gepleşigini alyp barypdy.

Tankytlar hem bar: Musulman gyzy bilen “Playboy” dahyllymy?

Taguriniň aýtmagyna görä, “Playboy” žurnalyna çykmagyny onuň tanyş-bilişleri düýpden oňlamandyr. Köp adam erotika žurnalynyň daşynda musulman zenanyň boljakdygyny eşidip, ör-gökden gelipdir. Taguriniň bu karary sosial ulgamda hem dürli jedelleşiklere sebäp bolupdyr. Ony goldaýanlar bilen birlikde, bir musulmanyň şeýle görnüşdäki žurnala çykmagyny berk ýazgaryp, tankyt edenlerem bolupdyr. Ýöne žurnalistiň gürrüň bermegine görä, ol şeýle negatiw reaksiýalara üns bermezligi ýüregine düwüpdir.

“Playboy” žurnaly 1952-nji ýylda döredilipdi. Geçen asyryň 70-nji ýyllarynda 5-6 million tiraž bilen çap edilipdir. Ýöne soňky döwürlerde žurnalyň tiražy azalyp, 800 müňe çenli pese gaçypdy. “Playboy” internet gadaganlaryna eýerip “Facebook” we “Twitter” ýaly ýörgünli sosial medýa ulgamlaryndan peýdalanmak üçin, golaýda özüniň internet sahypasynda ýalaňaç zenanlaryň suratlaryny indiden beýläk çap etmezlik barasynda karara gelipdir.

XS
SM
MD
LG