Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO Serbiýanyň Kosowa 'wehim salýandygy' duýduryldy


Belgrad geçen aý Kosowa tarap "Kosowa Serbiýadyr" diýen ýazgyly otly iberdi.
Belgrad geçen aý Kosowa tarap "Kosowa Serbiýadyr" diýen ýazgyly otly iberdi.

NATO agzalary bolan Horwatiýa we Albaniýa Serbiýanyň Kosowanyň howpsuzlygyna we tutuş Balkanlaryň durnuklylygyna barha kän wehim salýandygyny duýdurýar.

Horwatiýanyň we Albaniýanyň goranmak ministrleri şu hepde NATO-nyň başlygy Jens Stoltenberge Mýunhen howpsuzlyk konferensiýasynyň öňünden ýazan bilelikdäki hatlarynda, ýokarlanýan howp bilen baglylykda, harby ýaranlygy özüniň Kosowadaky parahatçylykmissiýasyna «gaýtadan» seretmäge çagyrdy.

Serbiýa bilen onuň ozalky welaýaty Kosowanyň arasyndaky dartgynlyklar Belgrad geçen aý Kosowa tarap «Kosowa Serbiýadyr» diýen şygar bilen reňklenen otlyny ibereninden soň ýitileşdi. Bu otly kosowa polisiýasy tarapyndan serhetde saklandy.

Serbiýanyň prezidenti şondan bäri Pristinany urşa başlamak islemekde günäleýär, onuň Kosowadaky kärdeşi bolsa, Orsýetiň Ukrainanyň Krym sebitini anneksiýa edişi ýaly, Serbiýanyň Kosowanyň esasan serb ilatly demirgazyk bölegini anneksiýa etmek ähtimallygyny duýdurýar.

Horwatiýa bilen Albaniýanyň NATO ýaranlygyna iberen hatynda «Serbiýaly syýasatçylaryň milletçilikli ritorikasynyň we serhetdäki anyk hereketleriniň» dartgynlyklary howpsuzlyga hem-de durnuklylyga wehim saljak derejede ýokarlandyrandygy aýdylýar.

Komekçileri Albaniýanyň goranmak ministri Mimi Kodheli bilen onuň horwat kärdeşi Damir Krsticeviçiň NATO-nyň ünsüni hususan-da Kosowa abanýan howp-hatara çekmek isländiklerini aýtdylar.

Olar Stoltenberge özleriniň Kosowanyň ýeňil ýaraglanan we krizise garşy çärelere, graždan goragy işlerine gatnaşýan howpsuzlyk güýçlerini doly güýjündäki goşuna öwürmek isleýändiklerini aýtdylar.

Emma Kosowada bu hili goşun döretmek üçin parlamentdäki serp azlygynyň hem goldawyny almak gerek bolar we olar bu çärä garşy çykarly görünýär.

Etniki albanlaryň köplügine eýe bolan Kosowa 2008-nji ýylda, Serbiýanyň güýçleri bilen on ýyla çeken uruşdan soň, garaşsyzlygyny jar etdi.

Serbiýa, dünýäniň 113 ýurdunyň ykrar edendigine garamazdan, Kosowanyň garaşsyzlygyny ykrar etmekden boýun gaçyrdy.

Emma muňa garamazdan, serp liderleri ýaňy-ýakynlara çenli hem ÝB-niň Kosowa bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmaklyga gönükdirilen gepleşiklerine gatnaşyp geldiler.

Iki döwlet hem Ýewropa Bileleşigine girmekçi bolýar, onsoň olaryň birleşige girmegi sebitdäki parahatçylyga bir kepillik bolar öýdülýär.

Emma Kosowanyň NATO goşulmak isleýän wagtynda serp liderleri Orsýet bilen gatnaşyklary saklap, bitarap durmak isleýändiklerini aýdýarlar.

NATO 1999-njy ýyldaky howa kampaniýasy garaşsyzlyga tarapdar albanlara garşy söweşýän serb güýçlerini çetleşdireninden soň, Kosowa parahatçylyk goraýjy esgerleri ýerleşdirdi. 1998-1999-nji ýyllaryň konflikti 13,500 adamy öldürdi.

Haty alanlaryndan soň, NATO resmileri ýaranlygyň Kosowadaky missiýasyny näçe zerur bolsa, şonça uzak dowam etdirjekdigini aýtdylar.

Bu missiýanyň başynda NATO Kosowa 55 müň çemesi esger iberdi, emma häzir olaryň sany 4,500-e çenli azaldy.

XS
SM
MD
LG