Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Bomba partlamasynda onlarça adam wepat boldy


Bomba partlamasynyň bolan ýeri, Kamişli, 27-nji iýul, 2016
Bomba partlamasynyň bolan ýeri, Kamişli, 27-nji iýul, 2016

Siriýanyň demirgazygynda kürtleriň köplük bolup ýaşaýan Kamişli şäherinde 27-nji iýulda bolan bombaly hüjüm zerarly azyndan 44 adam wepat boldy we onlarça adam ýaralandy, diýip media serişdeleri we ýerli ýaşaýjylar habar berýärler.

Siriýanyň Türkiýe bilen serhediniň golaýynda bolan bomba partlamasynyň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” atly topar öz üstüne aldy.

Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, içi partlaýjy serişdeli ýük ulagyň partladylmagynyň netijesinde wepat bolanlaryň aglabasy parahat ýaşaýjylar.

SANA täzelikler agentligi partlamanyň netijesinde töwerek daşdaky binalaryň ençemesiniň ýumrulandygyny, halas edijileriň pidalary gözlemek işini amala aşyrýandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG