Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda damagy çalnan türkmen zenanyň ganhorlary gözlenýär


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Türkiýäniň dürli sosial ulgamlarynda, damagy çalnan bir türkmenistanly migrant zenanyň suratlary ýaýradyldy. Ol zenanyň Türkmenistanyň Daşoguz welaýatyndan Stambula işlemäge gelendigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosy bilen aragatnaşyga geçip, bu habary ýetiren Türkiýedäki migrant zenanlaryň hak-hukuklary barasynda tagalla edýän türkmenistanly aktiwist Arzuwyň aýtmagyna görä, daşoguzly zenan migranty bilen 11-nji fewralda telefonda gürleşmeginden soň, ol jenaýat bolup geçipdir.

"Ol daşoguzly migrant zenany "gowy işe ýerleşdirjek" diýip, Stambulda bir ýere çagyrypdyrlar. Soň hem onuň başyna şeýle ýagdaý gelipdir. Türkmen migrant zenanyň damagyny çalanyň Mustafa atly bir adamdygy güman edilýär. Zenan haklaryny goraýan jemgyýetler bolup, şu wagt bu ugurda giňişleýin maglumat almaga synanyşýarys. "Zenan jenaýatlaryny duruzyň" platformasy hem bu ugurda gaty çynlakaý işe girişdi” diýip, Arzuw şeýle aýdýar.

Soňra ol sözüni şeýle dowam etdirýär: “Bu waka barada maglumaty bolan türkmen migrantlar bilýän maglumatlaryny aýtmakdan gaty gorkýarlar. Mälim bolşuna görä, Türkiýede işleýän türkmenistanly zähmet migrantlarynyň aglaba köpçüligi gyz-gelinler. Olaryňam köpüsi wizasyz, ýagny gaçgak ýagdaýda. Olar Türkiýede edýän gazanjy bilen Türkmenistandaky maşgalasynyň güzeranyny aýlaýarlar”

“Şonuň üçinem "gören-eşidenimizi aýdaýsak, olar derrew biziň aýdanymyzy aňarlar we bize-de zyýan bererler ýa-da işsiz galaýsak Türkmenistandaky maşgalamyz heläk bolar" diýip, şaýat bolýan ýagdaýlaryny aýtmakdan gorkýarlar. Bu bolsa Stambuldaky we galyberse-de Türkiýäniň beýleki ýerlerinde yzygiderli ýagdaýda bolýan türkmen zenan jenaýatlarynyň öňüniň alynmagyny kynlaşdyrýar. Türkmenistanly zenan migrantlaryň aglaba köpçüliginiň üýtgeýän kanunlardan bihabar bolmagy, galyberse-de, Türkmenistanyň öz raýatlaryna eýe çykmaýandygy şeýle jenaýatlary edýänleri we migrantlary öz bähbidine ulanýanlary hasam ýüreklendirýär" diýip, Arzuw gürrüň berdi.

Türkiýedäki migrant zenanlaryň hak-hukuklary barasynda tagalla edýän türkmenistanly aktiwist Arzuw bu jenaýat wakasy anyklanan badyna Azatlyk Radiosynyň üsti bilen diňleýjilere ýene habar ýetirjekdigini aýdýar.

Azatlyk Radiosyna türk polis çeşmelerinden damagy çalnan daşoguzly türkmen migrant zenanyň ykbaly barasynda jikme-jik maglumat almak başartmady.

Ýeri gelende bellesek, türk metbugatynda yzygiderli çap edilýän maglumatlara görä, Türkiýedäki türkmen zenan zähmet migrantlarynyň käbiri diňe jenaýatlara pida bolman, olar dürli jenaýatlara hem gatnaşýarlar.

Ýatlap geçsek, Stambulyň Pendik etrabynyň Kaýnarja mähellesinde öýünde pyçaklanyp taşlanan Atalaý Karajanyň öldürilmegine gatnaşmakda güman edilýän 28 ýaşyndaky türkmenistanly "Şirin" lakamly söýgülisi Mähri M. we onyň 29 ýaşyndaky jorasy Maýa Ý. dagy wakadan soň ýitim bolupdy.

Jenaýatdan soň olar bilen öýden bile çykan ýaranlary Ýetkin D. we Ferhat K. atly adamlar bolsa polisdäki soragda, ol iki türkmen zenanyň Bolu diýen ýerde özleri bilen jedelleşip, awtoulagdan düşüp galandygyny mälim edipdi. Türk polis çeşmeleri şol türkmen zenanlaryň hem jenaýat pidasy bolaýmagy ahmal diýýär.

XS
SM
MD
LG