Sepleriň elýeterliligi

Telegramda Azatlyk Radiosynyň toparyna goşulyň


Turkmen banner. Telegram

Turkmen banner. Telegram

Azatlyk Radiosynyň soňky we täze habarlaryny, radio gepleşiklerini, suratlaryny we wideolaryny ilkinji bolup almak isleýärsiňizmi?

Siz özüňiziň iPhone we Android ulgamynda işleýän (Samsung, HTC, Sony, Huawei we başga) telefonlaryňyza Telegram sosial ulgamyny indirip bilersiňiz.

Telegramy telefonyňyza oturdanyňyzdan soň, gözleg bölümine Azatlyk ýa-da @azatmaglumat ýazyp, Azatlyk Radiosynyň toparyna goşulyp bilersiňiz. Bu toparyň telefon belgisi: +420 773 797 383

Siz bu iki kanalyň islendigine agza bolanyňyzdan soň, Türkmenistana degişli iň soňky we iň täze habarlary, wideolary we suratlary, şeýle-de audiolary alyp bilersiňiz.

Azatlyk Radiosynyň sahypasy 100% howpsuzdyr. Toparyň agzalary biri-biriniň belgilerini görüp bilmeýärler. Siz diňe Türkmenistanyň durmuşy bilen bagly iň soňky habarlary alarsyňyz. Siz islendik pursat topardan çykyp we oňa ýaňadandan agza bolup bilýärsiňiz.

Siziň, Türkmenistanyň hem içinde, hem-de daşynda, ýurduň durmuşy bilen bagly soňky habarlary yzarlamaga mümkinçiligiňiz bolar.

Telegram arkaly siz bize öz maglumatlaryňyzy hem ýollap bilersiňiz. Azatlyk Radiosy size habar berýärkä, siz hem özüňiziň sebitiňizde, welaýatyňyzda, etrabyňyzda, obaňyzda bolýan ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosyna habar berip bilýärsiňiz.

Muny etmek üçin siz öz kontaktlaryňyzyň arasyna +420 773 797 383 ýa-da +420 724 168 983 telefon belgilerini giriziň.

Siziň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşligiňiz doly gizlin bolar. Telegramda, ýörite şifr arkaly, ýaşyryn habarlaşyp bilmek mümkinçilikleri göz öňünde tutulandyr.

XS
SM
MD
LG