Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pasport Indeksi: Türkmen pasportynyň reýtingi - 78


Türkmenistanyň pasporty
Türkmenistanyň pasporty

Türkmenistanyň pasporty 2017-nji ýylda syýahatçylyk üçin oňaýlylygy boýunça 78 reýting görkezijili ýurtlaryň hataryna girdi.

Pasport Indeksi atly neşiriň çap eden hasabatynda dünýäniň jemi 95 ýurdy görkezilýär we ýurtlara berlen baha raýatlaryň milli pasportlary bilen wizasyz syýahatçylyk etmek mümkinçiligine esaslanýar.

Hasabatda, Türkmenistanyň raýatlarynyň dünýäniň 43 ýurdyna wizasyz syýahat edip bilýändigi aýdylýar. Türkmenistan bilen bir topara Niger, Kamboja we Madagaskar girýär.

Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Täjigistanyň we Özbegistanyň reýtingi 73 diýlip görkezilýär we bu ýurtlaryň raýatlarynyň dünýäniň 54 ýurduna wizasyz syýahat edip bilýändigi aýdylýar.

Pasport Indeksine görä, birinji setirde Germaniýa, onuň yz ýany Şwesiýa we Singapur görkezilýär. Germaniýanyň pasporty 157 ýurtda wizasyz syýahat etmäge mümkinçilik berýär.

Hasabatda iň soňky setiri Owganystan eýeleýär.

XS
SM
MD
LG