Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ senatory: Trampyň salgytnamalarynyň barlanmagyna garşy däl


ABŞ-nyň senatory Susan Kollins (Susan Collins)
ABŞ-nyň senatory Susan Kollins (Susan Collins)

Amerikan senatynyň Aňtaw komitetiniň bir agzasy Orsýet bilen mümkin bolan ilteşikler hakda prezident Donald Trampyň salgytnamalarynyň barlanmagy üçin, kazyýetiň höküminden peýdalanmaga özüniň garşy däldigini aýdýar.

Susan Kollins 22-nji fewralda Maine ştatynyň döwlet radiosyna beren interwýusynda komitetiň agzalarynyň köpüsiniň wezipeden çekilen milli howpsuzlyk geňeşçisi Maýkel Fliniň komitetiň öňünde görkezme bermegini sorap, resimi haýyşnama tabşyrjakdygyny aýtdy.

Kollinsden komitetiň Trampyň şu çaka çenli bermekden boýun gaçyran salgyt hasabatlarynyň kazyýet üsti bilen talap edilip-edilmejekdigi soralanda, ol özüniň “meýletin hyzmatdaşlygy” umyt edýändigini, ýöne zerur bolan halatynda muňa hem garşy däldigini bildirdi.

“Jogap almak üçin zerur bolsa, biz muny ederis diýip pikir edýärin. Biziň ählimiz jogap almaga kararly. Bu köp babatda aňtawa garşy operasiýa. Bu biziň komitetimiziň ýörite işi. Biz bu ugurda düýpli barlaglara öwrenişdik” diýip, Kollins jogap berdi.

Kollins interwýuda Respublikanlaryň komitetde diňe bir orun köplük bolup durýandygyny belledi. Şol sebäpden onuň sesi örän ähmiýetli hasaplanýar, sebäbi demokratlar ençeme aý bäri Trampdan öz salgyt hasabatlaryny aýan etmegi sorap gelýärler.

Trampyň bu işden boýun gaçyrmagy amerikan prezidentleriniň arasynda ozaldan gelýän däbiň bozulmagy bolup durýar.

Prezidentiň salgyt ýagdaýy barada maglumat edinmek üçin kazyýetiň höküminden peýdalanmak Kongresdäki respublikanlaryň ederinden has agressiw iş hasaplanýar. Şol sebäpden bu partiýanyň Kongresdäki we Senatdaky agzalary bu göçüme şu wagta çenli o diýen gyzyklanma görkezmediler.

Kollins aňtaw komiteti Flinden görkezme almaga synanyşar diýse-de, onuň komitetiň öňünde peýda bolmagy jemgyýetçilige açyk bolarmy ýa bu iş ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçermi, bu barada maglumat bermedi.

Milli howpsuzlyk geňeşçisi wezipesine gelmezden öň Moskwanyň garşysyna gönükdirilen sanksiýalar hakda Orsýetiň Birleşen Ştatlardaky ilçisi Sergeý Kislýak bilen gürleşendigi barada wise-prezident Maýk Pense doly maglumat bermändir diýen habarlar ýaýransoň Flin geçen hepdede wezipesinden çekildi.

Kollinsiň aýtmagyna görä, komitet häzir Orsýet saýlawlara täsir etdi diýilýän gürrüňler hakda “giň gerimli barlaglaryň” içinde, gelinmegi mümkin netijeler hakda bir zat aýdardan entek ir.

17-nji fewralda Federal derňew býurosy FBI-niň direktory Jaýmes Komeý öz edarasynyň Orsýetiň saýlawlara garyşmagy diýilýäni hakda alyp baran barlaglary barada komitete iki sagatlap maglumat berdi.

Kollins komitetiň barlaglarynyň “ikipartiýalaýynlyk” häsiýetine salgylanyp: “Biz munuň anygyna ýeteris” diýdi.

XS
SM
MD
LG